JEMGYÝET

2023-nji ýylda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 19,4 milliard dollara ýetiriler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň halk hojalygynda 2022-nji ýylda gazanylan netijelere bagyşlanan mejlisiň barşynda birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen 2023-nji ýylda ýurdumyzy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­synyň taslamasy işlenip düzüldi.

Bu maksatnama laýyklykda, 2023-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6.5 göterime ýetirmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalaryny doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze karhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş orunlaryny döretmek, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 19.4 milliard amerikan dollaryna ýetirmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde ýangyç-ernergetika toplumyny goşmazdan, hususy pudagyň paýyny 71,3 göterime ýetirmek ýaly işler göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti mejlisde bu maksatnamany tassyklamak hakyndaky degişli resminama gol çekdi.

Related posts

“Arkadag” topary “Goa” toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Arkadag” toparyny gutlady

Leave a Comment