SPORT

2022 Olimpiýa oýunlarynyň alawy ýakyldy

2022-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde geçirilýän gyşky Olimpiýa oýunlary üçin Olimpiýa alawy ýakyldy. Bu çärä Gresiýanyň gadymy Olimpiýa sebitinde bolup geçdi.

Olimpiýa oýunlarynyň alawy Gera hudaýynyň gadymy ybadathanasynda Gün şöhleleri esasynda ýakyldy. Soňra Olimpiýa alawy Afina eltiler we 19-njy oktýabrda Afinadaky “Panatinaikos” stadionynda Hytaýyň wekiliýetiniň agzalaryna gowşurylar.

Bu dabara koronawirus pandemiýasy sebäpli tomaşaçysyz geçiriler. Oňa Gresiýanyň Prezidenti Katerina Sakellaropulu, Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy Tomas Bah, Gresiýanyň milli olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy Spiros Kapralos we beýleki resmi wekiliýetler gatnaşdy.

XXIV tomusky Olimpiýa oýunlary Pekin şäherinde 2022-nji ýylyň 4-20-nji fewral aralygynda geçirilýär. Paralimpiýa oýunlary 4-13-nji mart aralygynda guralar.

 

“NASA” Aýda Wi-Fi ulgamyny gurmagy meýilleşdirýär

 

 

 

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi