DÜNÝÄ

2022-nji ýylda bize nämeler garaşýar?

Dünýäde dowam edýän koronawirus ýokanjy bilen göreş 2022-nji ýylda hem dowam eder. Onuň “omikron” görnüşi çalt depginde ýaýraýar. Mundan başga-da, 2022-nji ýylda köp sanly saýlawlar, gyşky Olimpiýa oýunlary, şa Zenany Ýelizaweta II tagtdaky 70 ýyllygy ýaly möhüm wakalar bize garaşýar.

ÝANWAR-2022:

  • Ýanwar aýynyň ahyrynda Portugaliýada adatdan daşary parlament saýlawlary geçiriler.

FEWRAL-2022

  • Fewral aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde gyşky Olimpiýa oýunlary geçiriler.

APREL-2022

  • Aprelde Serbiýada prezident we täze parlament – Milli assambleýa saýlanar.
  • Fransiýada 10-nji aprelde prezident saýlawlary geçiriler. Zerurlyk ýüze çykanda saýlawlaryň 2-nji tapgyry 24-nji aprelde geçiriler.
  • Şol aýyň ahyrynda Wengriýada hem parlament saýlawlary geçiriler.

MAÝ-2022

  • Turin şäheri Ýewrowideniýe aýdym-saz şüweleňi geçiriler.

IÝUN-2022

  • Fewral aýynda şa Zenany Ýelizaweta II tagta çykanyna 70 ýyl dolýar. Ýöne platin ýubileý ýyly mynasybetli baýramçylyk çäreleri iýun aýynda göz öňünde tutulýar.

TOMUS-GÜÝZ -2022

  • Dawosda her ýyl geçirilýän Bütindünýä ykdysady forum koronawirusyň “omikron” görnüşiniň giňden ýaýramagy sebäpli 2022-nji ýylyň ortalaryna geçirildi. Forumyň şygary – Ynamy dikeltmek bilen bilelikde işleýäris.

OKTÝABR-2022

  • G20-niň sammiti oktýabr aýynda geiriler. Bu sammit “Has güýçli bolmak üçin bilelikde gaýtadan dikelýäris” şygary bilen geçiriler.

NOÝABR-DEKABR-2022

  • Ählumumy maýylganlyga garşy göreşmek üçin halkara hyzmatdaşlygyň göz öňünde tutulan Howanyň üýtgemegi boýunça “COP27” sammiti noýabr aýynda Şarm-el-Şeýh şäherinde geçiriler.
  • Noýabr aýynda demokratlar Senatda we Wekiller palatasynda gözegçiligini saklamak üçin aralyk saýlawlary geçiriler.
  • Noýabr aýynda Katar döwletinde futbol boýunça Dünýä çempionaty geçiriler. Ol ilkinji gezek arap döwletinde geçiriler.
  • Ýylyň ahyrynda bolsa, Reýkýawik şäherinde Ýewropanyň kino baýraklary gowşurylar.

Milli Liderimiz okuwçynyň Täze ýyl arzuwyny hasyl etdi

Ýene-de okaň

BMG-niň Baş sekretary gyrgyz-täjik ylalaşygyna ýokary baha berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň Utgaşdyryjy komitetiniň mejlisine gatnaşdy

Täjigistan bilen Gyrgyzystan döwlet serheti boýunça şertnama gol çekdiler

Ata Watan Eserleri

Özbegistan bilen Fransiýa strategik hyzmatdaşlyk jarnamasyna gol çekdi

Tramp Konor Makgregoryň janköýeri

Ýewropa komissary Ýozef Sikelanyň Aşgabada sapary