DÜNÝÄ

2021-nji ýylyň sözi saýlandy

Oksford iňlis dili sözlügi tarapyndan “vax” (sanjym) sözüni 2021-nji ýylyň ýylyň sözi hökmünde saýlap alandygyny mälim etdi.

“Oxford Languages” atly kompaniýa dünýä belli Oksford iňlis dilindäki sözlügi çapa taýýarlaýar. Kompaniýa sentýabr aýynda “vax” sözüniň geçen ýyl görä, 72 esse köp ulanylandygyny belläp, bu sözüň “doly sanjym edilen” we “sanjym kartlary” ýaly has giň gerimde ulanylandygyny belledi.

Şeýle hem koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda sanjym sözo has köp ulanylyp başlandy. Oksford sözlüginiň tejribeli redaktory Fioan Makferson “vax” sözüniň üstümizdäki ýyl üçin iň gowy saýlanyp alnan söz bolup durýandygyny mälim etdi.

Makferson bu sözüň ulanylýan döwri öz gözbaşyny 1980-nji ýyllardan alyp gaýdýandygyny, ýöne öz hasabatlaryna görä, ozal kän bir giňden ulanylýan söz bolmandygyny belledi.

Mundan başga-da, “pandemiýa” sözüniň ulanylyşy şu ýyl 57 müň göterimden gowrak artdy diýip, Oksford iňlis dili sözlüginde habar berildi.

BU SÖZ 1799-NJY ÝYLDA SÖZLÜGE GIRIZILDI

2021-nji ýylyň sözi hasaplanýan “vax” sözi 1799-njy ýylda iňlis dilinde hasaba alyndy we onuň esasynda döredilen “vaccination” (sanjym etme) we “vaccinate” (sanjym etmek) ýaly sözler 1800-nji ýylda emele geldi.

Bu sözleriň ählisi latyn dilinden alnypdyr.  Oksford iňlis dili sözlüginiň habar bermegine görä, iňlis lukmany we alym Edward Jenner 1790-njy ýylyň soňlarynda we 1800-nji ýylyň başlarynda mama keseline garşy sanjym etmek babatdaky ylmy işlerine baglylykda bu söz döräpdir.

 

Dünýädäki iň agyr kädini ösdürip ýetişdirdi

Ýene-de okaň

Aşgabatda zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan interaktiw dialog geçirildi

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy resmi taýdan çap edildi

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: “DV-2027” yglan edilermi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy