Tamamlanyp barýan 2021-nji ýyl sportuň iň köp janköýeri bolan futbol görnüşinde hem uly wakalar bolup geçdi. Şol wakalaryň käbirini dykgatyňyza ýetirýäris.
- DUSAN TADIÇ LIONEL MESSINIŇ REKORDYNY TÄZELEDI | “Aýaksyň” serb ýyldyzy Dusan Tadiç 2021-nji senenama ýylynda 37 goluň geçirilmegine ýardam etdi. Niderland toparynyň hüjümleriniň esasy futbolçysyna öwrülen Tadiç bu ugurda Messiniň rekordyny täzeledi. Lionel Messi bir senenamada 36 goluň geçirilmegine ýardam pasyny beripdi.
- ROBERT LEWANDOWSKI GERD MÜLLERIŇ REKORDYNY YZDA GALDYRDY | “Bawariýa” toparynyň polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski 2021-nji ýyly netijeli tamamlady. Ýyldyz futbolçy 2021-nji ýylda geçiren gollary bilen Germaniýanyň ady rowaýata öwrülen futbolçysy Gerd Mülleriň rekordyny täzeledi. Lewandowski 49 ýyldan soňra Germaniýanyň milli çempionatynda bir ýylyň dowamynda iň köp gol geçirmekdäki rekordyň eýesi boldy. Mundan ozal, Müller 40 gol geçiripdi.
- ÇEMPIONLAR LIGASYNYŇ ÇEMPIONY – “ÇELSI” | Tomas Tuheliň tälimçiligindäki Angliýanyň “Çelsi” topary UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy.
- ITALIÝA- ÝEWROPANYŇ ÇEMPIONY| koronawirus sebäpli bir ýyl gijikdirilen futbol boýunça Ýewropa çempionatynda (EURO 2020) Italiýa çempion boldy. Roberto Mançiniň topary finalda Angliýanyň milli ýygyndysyny ýeňip, Ýewropanyň çempiony diýen ada eýe boldy.
- LIONEL MESSI KARÝERASYNDAKY ESASY KUBOGYNY GAZANDY: “KOPA AMERIkA” | Topar derejesinde köp sanly kuboklary gazanan Lionel Messi Argentinanyň milli ýygyndysy bilen üstünlik gazanyp bilmän gelýärdi. Şonuň üçin 2021-nji ýyl onuň üçin şowly boldy. Messili Argentina “Kopa Amerika” kubogyny gazandy. Soňky gezek Argentina 1993-nji ýylda bu arzyly kubogy gazanypdy.
- KRISTIAN ERIKSENIŇ PAJYGALY ÝAGDAÝY| Daniýanyň milli ýygyndysynyň ökde futbolçysy Kristian Eriksen üçin 2021-nji ýyl şowsuz boldy. Ol Ýewropa çempionatynda ölümiň bäri ýanyndan gaýtdy. Duşuşykda tarpa-taýyn ýykylan futbolçynyň birnäçe minut ýüreginiň durandygy hem aýdylýar. Emma lukmanlaryň gyssagly kömegi oňa täze durmuşy bagyş etdi. Ol ýüregine emeli enjam dakdyrdy we futbol oýnamagy dowam etdirmek isleýär.
- KRISTIANO RONALDO 12 ÝYLDAN SOŇRA “OLD TRAFFORDDA” GAÝDYP GELDI| Portugaliýanyň ýyldyzy Kristiano Ronaldo Italiýanyň “Ýuwentus” toparynda garaşylan netijäni almanda soňra özüni meşhurlyk basgançaklaryna çykaran Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparyna 12 ýyldan soňra gaýdyp geldi.
- LIONEL MESSINIŇ “GÖZÝAŞY” | 2021-nji ýylda futbol dünýäsiniň esasy wakalarynyň biri hem Lionel Messiniň “gözýaşy” boldy. Argentinaly ýyldyz çagalykdan bäri futbol oýnaýan “Barselona” toparyny 33 ýaşynda terk etmeli boldy. Messi bu topardan gaýdyp, Fransiýanyň “PSŽ” toparyna geçdi.
- MESSINIŇ 7-NJI “ALTYN TOP” BAÝRAGY | Şu ýylyň tomsunda Ispaniýanyň “Barselona” toparyndan Fransiýanyň “PSŽ” toparyna geçmek bilen dünýä ýaň salan argentinaly Lionel Messi 7-nji gezek “Ballon d’or” baýragyny gazandy. 2009-njy, 2010-njy, 2011-nji, 2012-nji, 2015-nji hem-de 2019-njy ýyllarda bu abraýly baýragy gazanan Messi 2021-nji ýylda 7-nji gezek “Ballon d’or” baýragynyň eýesi bolsa-da, ony tankytlanlar köp boldy.