DÜNÝÄ

Türkmenistan-Özbegistan: sebitara hyzmatdaşlyk ösdüriler

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we giňeltmek bilen baglanyşykly wezipeler barada hasabat berildi.

Şoňa laýyklykda, şu ýylyň 22-nji sentýabrynda Daşoguz welaýatynyň wekiliýeti Özbegistanyň Horezm welaýatyna, Lebap welaýatynyň wekiliýetiniň bolsa Buhara welaýatyna iş saparyna ibermek barada teklip edildi.

Iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, hödürlenen teklibi makullap, buýruga gol çekdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, gol çekilen resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hoşniýetli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň wekiliýet agzalary 2021-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda degişlilikde Özbegistan Respublikasynyň Buhara we Horezm welaýatlarynda gullyk iş saparynda bolarlar.

Golaýda, Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde 13-14-nji sentýabrda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky 16-njy mejlisi hem-de suw hojalygy meseleleri boýunça belikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli günä geçişlik

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan interaktiw dialog geçirildi

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy resmi taýdan çap edildi

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: “DV-2027” yglan edilermi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy