SIZDEN GELENLER

16-njy oktýabr – Bütindünýä çörek güni

Iň mukaddes hasaplanýan iýmitleriň biri hem çörekdir. Bu nazly nygmatyň hormatyna her ýylyň 16-njy oktýabrynda Bütindünýä çörek güni halkara derejesinde bellenilip geçilýär. Bu halkara güni 2006-njy ýylda Halkara çörek bişirijiler we konditer önüminiň birleşiginiň başlangyjy bilen döredildi. 1945-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň döredildi. Bu gurama oba hojalygynyň ösüşi we önümçiligi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek bilen meşgullanýar.

Öňki döwürlerde çörek maşgalada abadançylygyň we berekediň esasy alamaty bolupdyr. Bu biziň günlerimizde-de şeýle. Gadymy döwürlerde ak çöregi esasan ýokary gatlakdaky adamlar gara çöregi bolsa, aşaky garyp gatlagyň wekilleri iýipdirler.

Çöregiň taryhy birnäçe müňýyllyklara degişli bolup, Rafael Pampelliniň 1906-njy ýyldaky ylmy gözlegleriniň netijesine görä ak bugdaýyň iň gadymy galyndylarynyň tapylan ýeri biziň ýurdumyzdygy subut edildi. Häzirki wagtda Änew “Ak bugdaýyň Watany” diýlip atlandyrylýar.

Gurbanjemal Ödegurbanowa

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

Si Szinpin: hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns berýärin

 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi