PEÝDALY MASLAHAT

15 minutdan taýýar! Çemçe deserti

Kremi üçin gerekli önümler

1 litr suw

1 bulgur un

1 bulgur şeker

125 gram margarin ýa-da mesge

1 sany wanilin

“Supangle” üçin:

2.5 bulgur süýt (500ml)

3 nahar çemçesi şeker

2 nahar çemçesi un

1.5 nahar çemçesi kakao

1 sany ýumurtga sarysy

60 gram ajy şokolad

Ýarym bulgur sowuk suw(100ml)

Taýýarlanyşy:

Ilki bilen kremini taýýarlalyň. Munuň üçin oduň üstündäki gazana mesgämizi atalyň. Mesgämiz eräninden soňra üstüne uny goşup ysy çykýança bişireliň. Unumyz biraz reňk berenden soň üstüne ýuwaş-ýüwaşdan suýdümizi goşmana başlalyň we şol wagtda topbak-topbak bolmaz ýaly gowy edip garyp durmaly. Süýt gaýnamaga başlanyndan soň bolsa, şeker goşup, ýene garyşdyrmagy dowam edeliň. Goýulaşan we gowy gaýnan kremimizi otdan alalyň we içine wanilin goşup mikserde garyşdyralyň. Geliň, pireksimiziň düýbüni çyglap, pireksimize taýýarlan kremimizi guýalyň we sowatmak üçin goýalyň.

Bu aralykda, şokolad gatlagy üçin gazana süýdi guýup, oňa un, şeker, kakao we ýumurtganyň sarysyny goşup, gowy garmaly. Gaýnap goýulaşýança gowy garyp durmaly. Gaýnan süýdümiziň üstüne ajy şokolady goşup, ereýänçä gowy garalyň. Ody öçürip, suwuklygyň yzygiderliligini üpjün etmek üçin üstüne suw goşup mikser bilen gowy garalyň.

Soňra bolsa taýýar şokolad sousyny sowadylan kremimiziň üstüne guýup, deň derejede ýaýradalyň. Desertimizi otag temperaturasynda sowadyja goýalyň we mümkin bolsa bir gije ýa-da azyndan 3-4 sagat dynç aldyralyň.

Sowadyjydan alan desertimiziň üstüne kakao sepişdirip islän görnüşimizde bezäp bileris.

 

Ysmanakly işdäaçar

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Şengen wizasyna ýüz tutýan raýatlaryň dykgatyna

Bir aýakda durmak synagy: Deňagramlylyk, ýykylyş howpy we ömür dowamlylygy bilen baglanyşykly möhüm görkeziji

Eliň gysyş güýji synagy: Umumy saglyk we ömür dowamlylygyny görkezýän möhüm ölçeg

Sitting–Rising testi: Adamyň biologiki ýaşyny we saglyk ýagdaýyny görkezýän ýönekeý synag

Ýöreme tizligi synagy: Adamyň saglygy we ömür dowamlylygy barada möhüm görkeziji

Türkmenistanda 26-njy ýanwar -1-nji fewral aralygyndaky howa maglumaty