SPORT

10 ýyldan soňra toparyndan gidýär

Angliýanyň “Mançester Siti” topary argentinaly hüjümçi Serhio Agueronyň möwsümiň ahyrynda topardan gitjekdigini mälim etdi. Topar tarapyndan berlen beýanata görä, 2011-nji ýyldan bäri bu toparyň düzüminde çykyş edip gelýän 32 ýaşly Agueronyň möwsümiň ahyrynda şertnamasynyň möhleti tamamlanýar. Bu futbolçy bilen şertnamanyň uzadylmajakdygy hem-de oňa topara goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirildi.

Toparyň güýçli hem-de esasy futbolçylaryň birine öwrülen Aguero bilen bir hatarda bu toparyň üstünliklerine goşant goşan Winsent Kompaniniň hem-de Dewid Silwanyň heýkelleri toparyň “Etihad” stadionynda goýlar.

Aguero bu toparyň düzüminde çykyş eden döwründe 3 gezek Angliýanyň çempiony, 5 gezek Liganyň kubogyny, bir gezek Federasiýanyň kubogyny gazandy. Ol 384 duşuşykda oýnap, 257 pökgi geçirip, toparyň iň köp gol geçiren futbolçylarynyň biridir.

Ol soňky döwürde ýygy-ýygydan şikes alyp, toparyň düzüminde köp çykyş edip bilmedi. 14 duşuşykda oýnap, 3 gezek tapawutlandy.

Argentinaly futbolçynyň mundan soňky toparynyň Ispaniýanyň “Barselona” topary boljakdygy aýdylýar. Bu toparda onuň dosty hem-de ildeşi Lionel Messi çykyş edýär.

Türkiýede “Redmi 9C” telefony öndüriler

 

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi