SIZDEN GELENLER

10-njy noýabr – Parahatçylyk we ösüş üçin bütindünýä ylymlar güni

Ýurtda parahatçylygy we ösüşi üpjün etmekde ylmyň ähmiýeti örän uludyr. Ylma eýe bolan jemgyýet hemişe asuda we parahat durmuşda ýaşaýar. Şeýle jemgyýet elmydama  ösüşiň belent basgançaklaryna  tarap öňe gidýär. Ylmyň  bar ýerinde bolsa, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklar höküm sürýär. Ylmyň kämilleşmegi bilen jemgyýet ösýär. Sebäbi ylym – halkara gatnaşyklarynyň  ösüş guralydy.1999-njy ýylda Wengriýanyň paýtagty Budapeştde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň (ÝUNESKO) howandarlygynda Bütindünýä ylym konferensiýasy geçirildi. Duşuşykdan soňra, ÝUNESKO tarapyndan  Parahatçylyk we ösüş üçin bütindünýä ylymlar güni tassyklanyldy. Dünýä ýüzünde halkara güni ilkinji gezek 2002-nji ýylyň 10-njy noýabrynda bellendi we şondan bäri yzygider bellenilip geçilýär.Bu günde ÝUNESKO-nyň işgärleri görkezilen ugurlardaky işlerini has-da güýçlendiryärler. Ýagny mekdeplerde leksiýalar, seminarlar, tegelek stollar geçirilýär we muzeýlerde ýörite sergiler guralýar. Öňe sürülýän meseleleriň ähmiýetine garamazdan, bu gün bütin dünýädäki alymlar üçin dynç alyş günüdir. Sebäbi bu günde olar kärdeşleri bilen duşuşmak, ylmy netijeleri alyşmak we bilelikde ýüze çykan meseleleri çözmek mümkin.Käbir ýurtlarda Parahatçylyk we ösüş üçin bütindünýä ylymlar gününde ylmy guramalar mekdepler we uniwersitetler bilen bilelikde täze ylmy-tehniki taslamalary durmuşa geçirilýär. Her ýyl günüň wakalary belli bir mowzuga bagyşlanýar.

Aýlar Atajykowa

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

 

Odri Azule täzeden ÝUNESKO-nyň baş direktorlygyna saýlandy

 

Ýene-de okaň

Ýylymyzyň şygary-ýolumyzyň çyragy

Döredijilik äleminiň gapysy: surat we çyzuw

Türkmen dili-milli guwanjymyz we ruhy hazynamyz

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur