BILIM

1-nji synpa barýan okuwçylara noutbuk kompýuterleri sowgat berler

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Bilim ministrligine 2023-2024-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara sowgat bermek üçin degişli mukdardaky noutbuk kompýuterlerini satyn almak, bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy we «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan şu ýyl 1-nji synpa okuwa barýan okuwçylara gowşuryljak «Bilimli» nyşanly kompýuterleriň 76 müň 677-siniň önümçilik işleri üstünlikli amala aşyryldy we olar ýerlerdäki bilim ojaklaryna paýlanyldy. Noutbuklaryň operasion ulgamy «Android 13+ Google service» bolup, operatiw ýady (RAM) DDR4 4 GB-e deňdir. Kompýuterlere türkmen, iňlis hem-de rus dilleri girizilip, olarda okuw maksatnamasyna degişli zerur bolan öwrediji programmalaryň birnäçesi ýerleşdirildi. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Indi köp ýyldan bäri Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan körpelere noutbuk kompýuterleriniň sowgat berilmegi ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli adamlar bolup ýetişmegi üçin amatly şertleriň döredilýändigini tassyklaýar. Bu kompýuterleriň ýerli kompaniýalar tarapyndan öndürilmegi buýsandyrýar.

Ýene-de okaň

TOHU-da brendleriň psihologiýasy boýunça açyk sapak geçirildi

“Ýaş inžener 2026” atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi

«Diller Dünýäsi» dil merkezinde «Bahasa Club» atly gurnagy geçirildi

Aşgabatda «Lomonosow—2026» halkara forumyna badalga berildi

Iňlis dili boýunça V halkara internet olimpiadasy geçirilýär

“Makul Dil Gollanmasy” Amerikan Kongres kitaphanasynyň katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov