SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

1 milliarddan gowrak koronawirus sanjymy edildi

Tutuş dünýäde 1 milliarddan gowrak doza möçberinde koronawirus ýokanjyna garşy sanjym edildi. Bu barada dünýäniň belli metbugat gulluklary habar berýär.

“Bloomberg” habarlar agentliginiň maglumatyna görä, 172 ýurtda 1 milliarddan gowrak doza möçberinde sanjym edildi. Häzirki wagtda sanjym etmegiň depgini bir günde 18,3 million sanjyma deňdir.

“Ourworldindata.org” saýtynyň maglumatyna görä, 25-njy aprele laýyklykda 1 milliard 30 milliondan gowrak koronawirusa garşy sanjym edildi. Şoňa görä, ABŞ 228 million 660 müň doza bilen birinji orunda barýar. Mundan başga-da, Hytaýda 224 million 900 müň, Hindistanda 139 million 190 müň, Beýik Britaniýada 46 million 250 müň, Braziliýada 38 million 30 müň, Germaniýada 25 million 450 müň, Türkiýede 21 million 509 müň, Fransiýada 19 million 540 müň, Indoneziýada 18 million 570 million, Russiýada 18 million 150 müň, Italiýada 17 million 750 müň, Meksikada 16 million 410 müň, Ispaniýada 14 million 270 müň, Çilide 14 million 130 müň we Kanadada 12 million 50 müň doza sanjym edildi.

Şu ýerde bellemeli zat, bu snajym işleri yzygiderli alnyp barylýandygy üçin maglumatlar yzygiderli üýtgäp bilýär.

Ilat sany boýunça sanjym etmekde Ysraýyl birinji orunda durýar. Bu ýurtda 10 adamdan 6-sy sanjym boldy. Şeýle hem sanawa görä, BAE-niň ilatynyň 51 göterimi, Beýik Britaniýanyň ilatynyň 49 göterimi, ABŞ-nyň ilatynyň 42 göterimi we Çiliniň ilatynyň 41 göterimi sanjym aldy.

12 ýurtda köpçülikleýin sanjym kampaniýasynyň başlanmagyna garaşylýar. Olar: Tanzaniýa, Madagaskar, Brukina-Faso, Çad, Burundi, SAR, Eritreýa, Wanuatu, Samoa, Kiribati, DKHR we Gaiti.

Şahsy kömekçi hojalygyny alyp barmak-mellek ýeri üçin ýer bölekleri barada maglumat

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti ylmy elektron žurnal çap eder