TEHNOLOGIÝA

 “071” sorag-jogap gullugynyň hyzmatlary

“Aragatnaşyk hyzmatlar merkeziniň” operatorlary gije-gündiziň dowamynda aragatnaşyk hyzmatlary baradaky soraglara jogap berýärler, şeýle-de telewideniýe we internet hyzmatlary boýunça ýüze çykan näsazlyklar baradaky arzalary kabul edýärler.

Merkez arzaňyzy kabul edeninden soň ýörite tehniki işgärleri ugradýar, olar gysga wagtyň içinde näsazlygy döredýän sebäpleri aradan aýyrýarlar. Bu hyzmatlar üçin “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň “071”gysga telefon belgisine jaň etmeli.

“071” gysga telefon belgili sorag-jogap merkezi şu aşakdaky hyzmatlary amala aşyrýar:

— ýurdumyzda hereket edýän ähli edara-kärhanalarynyň salgylary we telefon belgileri barada maglumatlary bermek;

— halkara telefon arabaglanşygyny birikdirmek;

— halkara we şäherara telefon kodlary anyklamak;

— halkara we şäherara jaňlaryň nyrhnamalary bilen tanyşdyrmak.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi