JEMGYÝET

Žurnalistleriň arasynda şaşka ýaryşy geçiriler

Şu ýylyň aprel aýynda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde zähmet çekýän žurnalistleriň şeýle hem žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda II şaşka ýaryşy geçiriler. Bu bäsleşik ýurdumyzda sport bilen meşgullanýan raýatlaryň sanyny artdyrmak maksady bilen  Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň ýöriteleşdirilen Küşt-şaşka mekdebiniň hem-de «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnaly tarapyndan gurnalýar.

Bu bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Hormat hatlary, «Makul Hyzmat» terjime merkezi tarapyndan taýýarlanýan baýrakly sowgatlar gowşurylar.

Bäsleşigiň geçiş tertibi: bäsleşik paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde geçiriler. Ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap şeýle hem Mary welaýat gazetleriniň hersinden 2 žurnalist (1 erkek, 1 zenan) bäsleşige çagyrylar. Olaryň otly petekleriniň çykdaýjylary «Makul Hyzmat» terjime merkezi tarapyndan amala aşyrylar.

Bäsleşigiň şertleri: II şaşka bäsleşigi üç görnüşde ýagny erkek hem-de zenan žurnalistleriň arasynda aýry-aýrylykda, şeýle hem talyp ýaşlaryň arasynda gurnalar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler aşakdaky telefon belgä ýa-da elektron poçta özüniň ady, familiýasy, işleýän ýa-da okaýan ýeriniň salgysyny ugradyp bellige aldyrmaly.

Habarlaşmak üçin: +993-63-35-29-74

atawatansport@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary