DÜNÝÄ

Žurnalist Derýa Soysal Türkmenistanda akkreditasiýa aldy

Merkezi Aziýa taryhy we halkara gatnaşyklary boýunça hünärmen Derýa Soysal, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan resmi akkreditasiýa aldy. Ol indi resmi taýdan “Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýanynda hasaba alynan daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary” sanawyna girizildi.
“EUREPORTER” we “Bruxelles Korner” ýaly halkara neşirlerde žurnalistlik edýän Derya Soysal, Ýewropa Bileleşiginde Türkmenistanyň oňyn diplomatik syýasatyny wagyz edýär. Ol telewideniýada we radioda çykyş edip, Türkmenistanyň baky Bitaraplyk ýörelgesini hem-de onuň halkara parahatçylygyny berkitmekdäki ornuny giň jemgyýetçilige ýetirýär.
Brýusselde ýerleşýän Türkmenistanyň Ilçihanasy bilen hyzmatdaşlykda işleýän Soýsal, diplomat Maral Rahymowa tarapyndan akkreditasiýa kartyny kabul etdi.
Akademik taýdan hem iş alyp barýan Derýa Soýsal, Türkmenistanyň döwlet uniwersitetinde çykyş edip, Magtymguly adyndaky halkara foruma gatnaşdy.
Şeýle-de, Derýa Soýsal “Atavatan Media” bilen hyzmatdaşlyk edÿar. Ýeri gelende bellesek, PFL ligasynyň ýarym agyr agram derejesindäki häzirki çempiony, türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow bilen Derýa Soýsal  söhbetdeşlik geçiripdi. Söhbetdeşligi saýtymyzdan okap bilersiniz.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy