DÜNÝÄ

Žurnalist ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili bolar

ABŞ-nyň döwlet departamentiniň (Daşary işler ministrliginiň) resmi wekili Mettýu Milleriň ornuna žurnalist we radio alypbaryjysy Temmi Brýus bellener. Bu barada ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Tramp özüniň “Truth Social” jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi.

– Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň ýolbaşçysy wezipesine Temmi Brýusy bellemek meniň üçin uly abraýdyr. Ol daşary işle rministri wezipesine dalaşgär görkezilen Marko Rubionyň toparyna goşular. Temmi köp ýyldan bäri metbugatda işleýär we iki onýyllykdan bäri amerikanyň halkyna diňe dogry habarlary ýetirip gelýär. Onuň täze wezipede hem ynamly işlejekdigine ynanýaryn – diýip, Tramp belledi.

 

Related posts

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler

Türkmenistan “Lapis Lazuli” ulag geçelgesi boýunça ulag ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistan Özbegistana tebigy gaz eksport eder