DÜNÝÄ

Owganystanyň wekiliýeti Aşgabatda birnäçe duşuşyklary geçirdiler

Ýurdumyzda saparda bolýan Owganystanyň Magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji H.Badriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary paýtagtymyzda geçirilen duşuşyklara gatnaşdylar.

Myhmanlar ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

Geçirlen duşuşyklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň giň möçberli meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Owganystanly myhmanlar halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ähli zerur mümkinçilikleriň döredilen ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

Goňşy ýurduň wekiliýetiniň sapary dowam edýär.

Related posts

Özbegistan Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok diplomatik missiýasy tamamlady

Ata Watan Eserleri

Özbegistanyň Prezidenti Täjigistanda döwlet saparynda bolar