SPORT

Žoze Mourinýony kowmak aňsat däl

Portugaliýaly tälimçi Žoze Mourinýonyň ýolbaşçlygyndaky Angliýanyň “Tottenhem” topary garaşylmadyk ýagdaýda UEFA-nyň Ýewropa Ligasynda Horwatiýanyň “Dinamo Zagreb” toparyndan 3:0 hasabynda utulyp, bu abraýly ýaryşdan çykdy.

Şondan soňra metbugatda toparyň tälimçisiniň ýagdaýy täzeden gürrüň edilip başlandy. Onuň işiniň bes edilip edilmejekdigi barada dürli habarlar ýaýrady. Ýöne “Tottenhem” topary üçin Mourinýony kowmak ýeňil düşmeýär. Bu ykdysady babatda şeýle. toparyň tälimçisiniň işini bes eden halatynda oňa 40 million ýewro öwez tölegi tölemeli bolýar.

Portugaliýaly tälimçiniň şertnamasynyň şertlerine laýyklykda, onuň işiniň wagtyndna öň bes edilmegi topara ykdysady kynçylyklar döredýär. Mourinýo 2023-nji ýylyň iýun aýyna çenli bu topar bilen şertnama baglaşdy. Onuň ýyllyk aýlygy 17,5 million ýewro deňdir.

“Tottenhem” topary Angliýanyň milli çempionatyna gowy başlasa-da, soňky döwürde yzly-yzyna şowsuz oýunlary bilen çempionlykdan daşlaşdy. Häzirki wagtda topar 28 duşuşykda 45 utuk toplap, 8-nji orunda barýar.

 

UEFA Ýewropa Ligasy: “Tottenhem” ýaryÅŸdan çykdy

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady

FIFA we Saud Arabystany ösüp barýan ýurtlara ýeňillikli karz berer