SIZDEN GELENLER

Zereň zehinli zenan

Uniwersitetimizde sapak berýän kitaphon mugallymymyz Gyzylgül Topbyýewanyň aýdyşy ýaly, hakyky sungat eserlerine düşünmekden olary düşündirmek kyn bolýar. Edebiýatymyzyň taryhynda söz ussatlarymyzyň esere başlamazyndan öň, onuň şowly çykmagy üçin Gudraty Güýçlüden gujur-gaýrat, kuwwat dileýişleri ýaly, men hem şu işe girişmezden ozal, şeýle etdim diýsem ýalňyş bolmaz. Çünki men özümde uly jogapkärçiligiň bardygyny duýýaryn. Ýokarda belleýşim ýaly, hakyky sungat eserlerini düşündirmek, ondaky duýguny, gözelligi, filosofiki pikir ýöretmeleri bolşy ýaly, açyp görkezmek çetin. Has dogrusy, ony gözüň bilen görüp, ýüregiň bilen syzyp, akyl ýetireniň ýeňil düşäýjek ýaly. Meniň egnimde bolsa şol kyn borç dur. Sungaty özüne mynasyp edip açyp görkezmek.

Gündeligimiň sahypalaryna ýazylan gün

Sungaty özüme ýakyn saýamsoň, bir gün joram bilen Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýine gitdim. Dogrumy aýtsam, çagakam suratkeş bolmagy arzuw etmän hem duramokdym. Suratkeş bolmagy başarmasam-da suratlara siňen her bir reňki, her bir çotkanyň yzyny gözüm bilen görüp, ýüregim bilen syzaýyn diýdim. Ine-de, öňümizde muzeýiň kaşaň binasy. Biz binanyň içine aýlanyp zehinli suratkeşleriň eserlerini uly lezzet bilen synladyk. Ol ýerde bir türkmen zenanyň çeken suratlarynyň sergisi hem guralypdyr. Ol zenan bolsa meniň şu eserimiň gahrymany boldy. Aýa Serhenowa. Onuň adynyň özboluşly, aýratyn, täsin bolşy ýaly, eserleri hem ajaýypdy. Olaryň her birinde çuň filosofiki mazmun ýatyrdy. Onsoň şol zenany tapyp, söhbetdeş bolmagyň yşkyna düşdük. “Umytly guş Käbä ýeter”, “Umyt güýçli bolsa, ajal gaçarmyş” diýlişi ýaly, ony sorap-idäp  tapdyk.

Sungata çümen öý

Şeýdip nesibeli günümiz joram Agagül bilen bu ajaýyp zenanyň öýüne bardyk. Ol bizi örän mähirli garşylady. Öýüne girenimizden ilkinji gözümize ilen zat diwardaky suratlar boldy. Hersi dürli pelsepewi pikiri öňe sürýän suratlardan ýaňa diwarda bir garyş boş ýer hem ýokdy. Otaglaryň ählisine aýlanyp suratlary synlap çyksaň,dünýä akyl ýetiräýjegiň ýalydy. Şeýle çuň mazmuna çümüp ýatan öý bagtly öý bolsa gerek.

Reňkleri  ykbalyna öwren zenan

Aýa Serhenowa 1981-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde dünýä inýär. Köpetdagyň gözel tebigatynyň goýnunda önüp-ösen. Aýa heniz 10 ýaşyndaka suratkeşlik sungatyna ilkinji ädimlerini ädýär. Aýa öz kakasy Amanmyrat Serhenowyň ýoluny dowam etdirip, bu käri saýlap alýar. Ol Aşgabat şäheriniň 47-nji orta mekdebini tamamlansoň, 2000-2004-nji ýyllarda  Şoto Rustaweli adyndaky Türkmen çeperçilik mekdebiniň nakgaş mugallymy Guwanç Hojanyýazowdan we nakgaşçylyk tehnologiýasy boýunça mugallymy Azat Annaýewden sapak alýar. Aýa eserden-esere kämilleşýär. Erkinligi söýýänligi üçin hiç zada garaşsyz, diňe döredijilige bagly bolup ýaşaýar. Ol suratlaryny nakgaşlygyň sýurrealizm ýoly bilen erkin duýgularyna esaslanyp çekýär. Ol iş gurallary hökmünde topukly syýa galamy, ruçka, reňkli galamlar, ýagny reňkler, käte saç boýagy (hyna), kofe ýaly esbaplary ulanýar. Aýa dünýä suratkeşliginiň sýurrealizm akymynda Salwador Daliniň, türkmen nakgaşçylyk sungatynda bolsa Akmyrat Berdigylyjowyň, Gülnar Rozykulowanyň işlerinden täsirlenýär.

Aýanyň durmuş ýörelgesi

Durmuşda “Ilki ber, soň al” diýen şygary özüne ýörelge edinen “renkleriň şasy” bu jümläniň manysyny bize şeýle düşündirdi: “Ilki ber. Özüňde bar zady şoňa mätäç adamlardan gysganmaly däl. Ýöne soňra ony almak hakda pikir etme. Eden ýagşylygyň saňa iru-giç iki esse bolup gaýdyp gelýär”.

Tebigat-mugallym

Ussat kompozitorlaryň tebigatyň özboluşly ýagdaýyny saza geçirişleri ýaly, Aýa hem tebigatyň adaty göz bilen görüp bolmaýan, birnäçe täsinlikleri içinde saklaýan peýzažlaryny ak kagyzyň ýüzüne reňkler bilen siňdirmegi başaran ussat. Onuň üçin iň gowy mugallym-tebigat. Tebigat onuň kalbynda, öýünde ýaşaýar. El bilen ýaradyp bolmajak bu peşgeş onuň bedeniniň bir bölegi ýaly. Megerem, şonuň üçin bolsa gerek. Onuň iş otagynyň ýokarsyny öz eli bilen ýasan bulutjagazlary, garlawaçjyklary bezäp dur. Bir gyrada bolsa naşyja balyjaklar akwariumda ýüzüşip ýör. Ol köplenç ýaz aýlary ýakynlary bilen ýurdumyzyň gözel ýerlerine aýlanmagy däp edinipdir.

Ornuny dolup bolmajak boşluk ýa-da

Aýanyň durmuşyndaky tragediýa

Bu hakda Aýanyň özi bize şeýle gürrüň berdi: “Meniň toty guşum bardy. Ady Keşady. Ony heniz kiçijekkä alyp özüm esewan etdim. Ol maňa şeýle bir öwrenişdi. Her gün bile daşara gezim etmäge çykardyk. Şonda ol açyk howada uçup heziller ederdi, soňra ýene gelip meniň egnime gonardy. Şeýde-şeýde ol meniň bilen 7 ýyl ýaşady. Bir gün bolsa ony daşarda pişik iýipdir. Şol gün meniň üçin uly tragediýa boldy. Men tutuş gün agladym. Ol meniň ýüregimde baky orun aldy”. Soňra ol bize syrdaşyna öwrülen guşuna bagyşlap çeken suratyny görkezdi. Suratda bir owadan gyz hyýala batyp otyrdy, onuň egninde bolsa guşjagaz durdy. Ýöne ol gyzyň kalby boşdy… Aýanyň ýüregindäki guşjagazynyň orny boşap galypdyr… Sungat äleminiň wekiline hemdem bolan guşjagazyň keşbi heýkeltaraş Zahyt Babaýewiň öz kursdaşy Aýa Serhenowanyň doglan gününi gutlap beren ýadygärlik sowgadynda hem öz şöhlelenmesini tapypdyr.

 Ähli döredijilik adamlaryna mahsus ýagdaý

Ylham diýilýän jadyly zat ähli döredijilik adamlaryny öz erkine goýmaýar. Ol islendik wagt islendik ýerde öz gullaryna (döredijilik adamlary) diýenini etdirýär. Şol ylham Aýa hem beýleki sungat ussatlarynda bolşy ýaly, gijäniň bir wagty geliberýär ekeni. Şonda Aýa pikirini öz gündeligine ýazyp goýýar (hatda dörejek eser surat bolsa-da). Diýmek bu ýagdaý sungatyň haýsy ugrudygyna garamazdan, ähli döredijilik adamlaryna mahsus.

Işiňizde rowaçlyk, Aýa!

38 ýaşynyň içinde 250-den gowrak eser döreden Aýa Serhenowa 2018-nji ýylda “Juma” studiýasynda şahsy sergisini gurnaýar. Şu güne çenli suratkeş Türkmenistanyň belli wakalaryna bagyşlanan 12 sany sergä gatnaşdy. Olar – 2019-njy ýylda Aşgabatda geçirilen 13-nji halkara kitap ýarmarkasy, Fransiýanyň (2018-2019) we Amerikanyň (2019) ilçihanalarynyň tarapyndan gurnalan sergileri, 2018-nji ýylda Germaniýanyň ilçihanasy tarapyndan gurnalan “Türkmen suratkeşleriniň gözleri bilen Germaniýa” atly bäsleşigi, 2019-njy ýylda Dubaý şäheriniň Nusaý galereýasynda geçirilen sergi. “Göwher ýerde ýatmaz” diýlişi ýaly, Aýanyň eserleriniň hyrydary kän. Gözelligiň teşnesi bolan adamlara öz suratlaryny paýlamak üçin ol käte bir suraty azyndan 5 gezek çekmeli bolýar. Dünýäni reňklerde görýän bu zenanyň eserleri Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Amerikanyň, Russiýanyň we Tatarystanyň şahsy ýygyndylarynda saklanylýar. Biz ynsanlara reňk paýlaýan Aýa asly halal kärinde diňe rowaçlygyň ýar bolmagyny arzuw edýäris! Oňa diňe “Tüweleme” diýmekden başga zat galmaýar.

           Gülşat JORAÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

 žurnalistika hünäriniň talyby.

 

37 ýyldan soňra tapylan çüýşe

 

 

Ýene-de okaň

BMG-niň Awaza forumy: hyzmatdaşlykda täze sahypa

Milli arhiwiň ähmiýeti

Awaza forumy – halklary jebislendirýän maslahat

Halkara ähmiýetli forum

Dost-doganlygy dabaralandyrjak forum

Ata Watan Eserleri

Awaza forumy – halkara gatnaşyklaryň täze sahypasy

Ata Watan Eserleri