Rowaçlyk – türkmen nusgawy şygryýetinde zenan dünýäsini çeper añlatma bilen üýtgeşik suratlandyrmagyñ milli pelsepe esasydyr. Çünki, bu pelsepäniñ düýp esas özeninde bazar we onuñ bilen baglanyşykly dükan, haryt, söwda ýaly ykdysady düşünjeler bolup, olar zenan waspyny añlatmakda özboluşly bir çeperçilik serişdesi hökmünde hyzmat edýärler. Aslyýetinde, bu çeperçilik serişdesiniň söz köki – etimologiýasy, gelip çykyşy boýunça añladýan manysy bazar we onuñ esasynda ýatýan dükan, haryt, söwda ýaly düşünjeler bilen bir bolan, manydaş sözlerdir. Munuň şeýledigine, ýagny “rowaç” sözüniň “geçginli haryt”, “ýörgünli bazar” düşünjelerini aňladýan sözdügini Aşyrpur Meredow bilen Sapar Ahallynyň 1988-nji ýylda bilelikde neşir eden “Türkmen nusgawy edebiýatynyň sözlügi ” atly, Soltanşa Atanyýazowyň 2004-nji ýylda çap edilen “Türkmen diliniň sözköki sözlügi” atly kitaplaryna ser salanyňda-da anyk-aýdyň göz ýetirmeklik bolýar. Türkmen nusgawy şygryýetinde “rowaç” sözüniň “geçginli haryt” manysyndaky çeperçilik serişdesi hökmünde ulanylyşyny Magtymguly Pyragynyň “Gülgüzar oýnaşar” şygrynyň:
…Yşk söwdasy rowaç tapan bazarda
Satan bilen, ol hyrydar oýnaşar – diýen setirleriniň mysalynda-da görmeklik bolýar. Akyldar şahyrymyzyñ bu goşgusy baradaky gelen pikirimizi ussat halypa ýazyjymyz Atajan Taganyñ: “Bu iki setirde söz sungatynyñ şertleýin dili bilen aýdanyñda, eger söýgi bir bazar maly bolsa, malyñ eýesiniñ-de, onuñ hyrydarynyñ-da dili birikdi, olar ylalaşdylar, ýagny şahyr meniñem, Meñliniñem niýeti bir, bize indi diñe birikmek galdy diýýär.” – diýen setirleriniñ esasynda has takyk delillendirip bolýar. Emma, Atajan Taganyñ bu pikirinde göçme manyda bazar malyna, harydyna – rowajyna meñzedilen söýgide malyñ eýesiniñ-de, onuñ hyrydarynyñ-da dili birigen bolsa-da, olaryñ, ýagny Magtymguly bilen Meñliniñ arzuwynyñ başa barmandygyny “Armanym galdy” atly şygryndaky:
Bilbilem, çekmişem zary,
Sowuldy yşkyñ bazary,
Uruldy hijran hanjary,
Aglap Meñli hanym galdy.
Magtymguly, gara ýüzüñ,
Diñlemezler zaryn sözüñ,
Zübeýdam, ýaşlasañ gözüñ,
Harytsyz dükanym galdy – diyen setirleri hem aýan edýär. Bu ýokarky şygyr setirlerindenem görnüşi ýaly, obraz derejesine çenli ýokary göterilen söwda, bazar, satmak, haryt, dükan ýaly ykdysady düşünjeler “bazar” pelsepesiniň esasynda ýatýan şahyrana (liriki) aňlatma bolup durýar. İne, şu şahyrana aňlatmalar deýin, Magtymguly Pyragynyň “Gülgüzar oýnaşar” atly goşgusyndaky “rowaç” sözi hem “bazar” pelsepesiniň mazmunyny has-da baýlaşdyryp, obraz derejesine çenli ýokary göteren çeperçilik serişdesidir.
Diýmek, müňlerçe ýyllaryň dowamynda many-mazmun taýdan özgerip, türkmen diliniň häzirki zaman sözlüklerin-de şowlulyk, üstünlik, oňaýlylyk, oňunalyk diýen manylary berýän “rowaç” sözi aslynda “geçginli haryt”, “ýörgünli bazar” diýen düşünjeleri aňlatmak bilen, ol türkmen nusgawy şygryýetinde zenan dünýäsini özboluşly bir çeper suratlandyrmakda “bazar” pelsepesiniň bir düzüm bölegi – düýp esas özeni bolup gelýän eken. Munuň özi bolsa, Soltanşa Atanyýazowyň belleýşi ýaly, ençeme asyr ýa-da müňlerçe ýyl mundan öň dörän sözüň diňe bir daşky görnüşi däl, eýsem içki mazmunynyň hem, aňladýan närseleriniň hem üýtgeýändiginden habar berýär. Aslynda “rowaç” sözüniň asyrlaryň jümmüşindäki manysynyň häzirki manysynyň aňladýan düşünjelerine leksiki taýdan ilteşiginiň bardygyny hem aýtsak, hakykatdan daş düşmeris. Çünki, gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň biziň ýurdumyzyň çäginden geçýän ugurlarynda ýerleşen Amul, Merw, Nusaý, Horezm, Dehistan ýaly şol döwrüň baý bazarly şäherlerinde binagärçilik sungatynyň gaýtalanmajak gözelligine eýe bolan birnäçe arhitektura ýadygärliklerimiziň bolmagy hem, geçmişde türkmen halkynyň halkara söwda gatnaşyklaryna aýratyn üns berip, rowajyny – geçginli harydyny, ýagny ene-mamalarymyzyň dokan nepis halylaryny, zergärlerimiziň ýasan täsin şaý-seplerini we başga-da birnäçe milli önümlerimizi dünýä bazaryna çykaryp, diýseň uly ösüşlere eýe bolandyklaryny görkezýär. Bu bolsa şol döwürlerde biziň halkymyzyň halkara söwda hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşmagynyň diňe bir söwda ulgamyny däl-de, eýsem hut şu pudakdaky – söwda ulgamyndaky diýseň biçak ösüşleriň, gazanylan ägirt uly üstünleriň, ýetilen belent sepgitleriň, rowaçlyklaryň netijesinde beýleki ulgamlaryň hem – halk hojalygy, oba hojalygy, ylym-bilim, medeniýet, senetçilik, binägärçilik, gurluşyk ýaly başga-da birnäçe pudaklaryň hem ähli babatda hemme taraplaýyn ösüşlere, öz zamanasynda henize-bu güne çenli görlüp eşidilmedik özgerişlere, beýik galkynyşlara, rowaçlyklara sezewar bolandygyny aýan edýär. Hut şu nukdaýnazar, ýagny söwda ulgamyndaky ösüşleriň esasynda beýleki pudaklaryňam ösmegi, söwda pudagynda döräp bu pudakda geçginli haryt manysynda türkmen diliniň häzirki zaman sözlüklerinde aňladýan düşünjesini beren rowaç sözüniň öz manysyny düýpli özgerdip, şowlulyk, üstünlik, oňaýlylyk, oňunalyk ýaly manylarda beýleki pudaklara-da giňden ornaşmagyna sebäp bolupdyr. Şeýlelikde, ähli pudaklardaky ösüşler, özgerişler, şowlulyklar, üstünlikler rowaçlyk diýlip atlandyrylypdyr. Diýmek, Beýik Ýüpek ýolunyň işjeňligine aýratyn üns berlen mukaddes türkmen topragymyz geçmişde hem rowaçlygyň watany bolup, bütin dünýäde tanalypdyr. Gadymy söwda ýolunyň rowaçlanan eýýamlarynda ýaşap geçen Ýunus Emre, Seýit Nesimi, Hoja Ahmet Ýasawy ýaly türkmen akyldarlary hem ähli rowaçlyklaryň düýp esas özeninde bazaryň, bazaryň gatnaşyklarynyň durandygyna anyk-aýdyň düşünip, ony pelsepe taglymy hökmünde özleriniň dürli temadaky şahyrana döredijiliklerinde dürli-dürli many öwüşginlerini bermekde çeperçilik serişdesi edip ulanypdyrlar. Ýöne, Seýit Nesimi Ýunus Emre bilen Hoja Ahmet Ýasawydan tapawutlanyp, “bazar” pelsepesini özüniň zenana bolan päk söýgüsini wasp edýän ajaýyp şygyrlarynda-da çeper aňlatma hökmünde ýerlikli peýdalanypdyr. Romanguly Mustakowyň Magtymgulynyň Nesiminiň eselerini okap, kalbynda onuň çeper pikirlenmesine bolan söýgüsiniň möwç urandygyny bellemeginiň özi, beýik akyldaryň “bazar” pelsepesi babatda-da ondan täsirlenendigini görkezýär. Muny Seýit Nesiminiñ “Söýgüli ýarym meniñ” atly şygrynda:
Näzigim, hubum, latyfym, mähribanym Täzegül,
Munusym, janym, refigym, şol wepadarym meniñ.
Serwerim, şahym, eminim, şol humaýun kölgelim,
Hem ýene senden düzülmiş uşbu bazarym meniñ – diýip, Magtymguly Pyragynyñ bolsa “Zybana Meñli” (12) goşgusynda:
Arzym bar dergähiñde, eýleseñ maña nazar,
Men bir dükan guraýyn, sen-sen ol yşky-bazar,
Yşk bazarynda azaşyp boldum nara sezewar,
Nakyl bardyr, aşyklar görse bir-birin gyzar,
Sen-sen yşkyñ ataşy, men saña perwana Meñli! – diýip özleriniñ göwün beren gözeliniň atlaryny getirip, çeper suratlandyran eserlerinde-de anyk-aýdyñ görmeklik bolýar. Ýöne, Magtymguly Nesimiden tapawutlanyp, zenan waspyny beýan etmeklikde “bazar” pelsepesiniň täzeçe bir çeper aňlatmasy bolan “rowaç” taglymyny döredipdir.
Nusgawy şygryýetimizde türkmen gelin-gyzlarynyñ ajaýyp gylyk-häsiýetleri, mähir-mylakatly keşpleri şahyrana beýan edileninde göçme manyda çeperçilik serişdesi hökmünde yşk bazary, yşk söwdasy ýaly söz düzümleri giňden ulanylýar. “Yşk bazary” söz düzüminiň “yşk” diýen garaşly sözi Aşyrpur Meredowyň “Magtymgulynyň düşündiriş sözlügi” atly kitabynda bellemegine söýgi, mähir, göwün berme, tüýs ýürekden dostluk, hetdenaşa söýmeklik diýen manylary, bazar diýen esasy sözi bolsa Aman Şyhnepesowyñ “Magtymgulynyň älemi” diýen kitabynda bellemegine görä wagt diýen düşünjäni aňladýar. Diýmek, “yşk bazary” pelsepesi” söýgi wagty, göwün berlen pillesi, hetdenaşa hyrydar bolnan mahaly diýen manylary aňladýan eken.
“Yşk söwdasy” pelsepesini bolsa belli ýazyjymyz Gylyç Kulyýew özüniñ Magtymguly romanynda beýik akyldaryň “Bagtym garadyr” atly goşgusynyñ:
Meñli hanym, yşk söwdasyn unutdym,
Rehim eden bolmady, bagtym garadyr – diýen setirleriniň esasynda düşündirmeklik bilen: “Yşk söwdasyny unutmak… Gyzgyn mähriñ, ýyly duýgynyñ şypaly nurundan mahrum bolmak…”diýip diýseñ täsin teswirleme berýär . Diýmek, türkmen nusgawy şygryýetinde liriki mazmun dörediji serişde bolup hyzmat eden “bazar” pelsepesiniň täzeçe röwüçdäki çeper aňlatmasy bolsa “rowaçlyk” taglymydyr.
“Rowaçlyk” taglymynyň düýp esas özeninde “bazar” pelsepesiniň ýatýandygyny, hem-de onuň türkmen nusgawy şygryýetinde zenan waspyny aňlatmakda çeperçilik serişdesi hökmünde ulanylandygyny Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp zamanasynyň “Türkmenistan – Rowaçlygyň watany“ diýlip atlandyrylan ýylynda öwrenmeklik biziň üçin diýseň ýakymlydyr
Toýly Jänädow