SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Zenan syýahatçylardan täze rekord

Beýik Britaniýaly iki zenan iki adamlyk welosipedde dünýäniň aýlanyp çykyp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Täsinlik neşiriniň wekilleri bu syýahatyň esasy aýratynlygy hökmünde onuň gysga wagtda amala aşyrylandygyny görkezýär.

Täze rekord Ket Dikson bilen Raz Marsdene degişli. Olaryň ikisiniň ýaşy hem 50-den aňry. Syýahat 2019-njy ýylyň 29-njy iýunynda Oksfordda başlap, şu ýylyň 18-nji martynda Londonda tamamlandy. Olar her gün 50-60 kilometr ýol geçdiler.

Zenanlar syýahatyň dowamynda Fransiýa, Monako, Italiýa, Sloweniýa. Horwatiýa, Çernogoriýa, Albaniýa, Gresiýa, Türkiýe, Gruziýa, Hindistan, Tailand, Malaýziýa, Singapur, Awstraliýa, Täze Zelandiýa, ABŞ, Meksika, Marokka, Ispaniýa we Gibraltar döwletlerine bardylar. Olar syýahatdan 50 müň dollar töwereginde serişde toplap, haýyr-sahawat gaznasyna bagyşladylar.

Şeýlelikde, bu syýahaty 263 günde amala aşyran zenanlar ozalky 281 günlük rekordy täzelediler.

Ýene-de okaň

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy