SPORT

Ýylyň tutluşygy: Habib bilen Getži duşuşar

Sportuň söweş sungatynyň janköýerleri üçin bu hepde örän gyzykly bolup biler. Russiýaly türgen Habib Nurmagomedow we amerikaly türgen Jastin Getži tutluşygy “UFC 254” ady bilen 24-nji oktýabrda, ýagny şu gün geçiriler. Bu tutluşyk Habib üçin örän möhümdir. Ol bu tutluşyk bilen özüniň çempionlyk derejesini gorar. Eger garşydaş türgen Getži ýeňen halatynda ol “ýylyň türgeni” bolar.

Tutluşyk Abu-Dabi şäheriniň “Söweş adasynda” tomaşaçasyz geçiriler, ýöne bu duşuşygy diňe çagyrylan myhmanlar şol çärä gatnaşyp bilerler.

Habib bilen Jastiniň arasyndaky duşuşyk bolsa sagat 01:00-da başlanar.

Iki türgen hem UFC guramasynyň iň gowy türgenleriniň 10-na girýärler. Iki türgen özleriniň duşuşyga doly derejede taýyndyklaryny belläp geçdiler.

Ýylyň tutluşygy hasaplanylýan bu duşuşyk hakynda dünýäniň 50-den gowrak ýurdunyň metbughatynda giňişleýin habarlar berilýär. “UFC” guramasynyň prezidenti Dana Uaýt bu duşuşyk örän ýokary derejede geçjkedgini we söweş düşekçesinde güýçlüleriň söweşjekdigini belläp geçdi.

Habib Nurmagomedow 28 duşuşyk geçirip, olaryň hemmesinde ýeňiş gazanmagy başardy.

Jastin Getžiniň hasabynda 24 duşuşyk bar, olaryň 22-si arassa ýeňiş, iki duşuşykda bolsa ýeňlişe sezewar boldy.

Habib Nurmagomedow iň soňky tutluşygyny 2019-nji ýylyň sentýabrynda geçiripdi.

Şu ýylyň 3-nji iýulynda Habibiň kakasy hem-de tälimçisi Abdulmanap Nurmagomedow aradan çykypdy.

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

 

 

Ýene-de okaň

AFK Çempionlar ligasy 2: «Arkadag» ilkinji tapgyry 1 utuk bilen başlady

Türkmen türgenleri bir halkara ýaryşda 40 medal gazandy

«Ahal» topary Hindistanda ýeňiş gazandy

Ronaldo Saud Arabystanyda “Altyn aýakgap” baýragyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Luka Modriç 64 ýyllyk rekordy täzeledi

Germaniýa 32 ýyldan soňra basketbol boýunça Ýewropa çempiony boldy