SIZDEN GELENLER

Ýylyň şygary – ýaşlaryň guwanjy

Şöhratly wakalary bilen taryha giren 2022-nji ýyl eziz Diýarymyz üçin üstünliklere beslenen ýyllaryň biri boldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» atly şygar astynda geçen ýyl ýurdumyzyň öz ösüşiniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basan ýyly hökmünde hem biziň ýadymyzda müdimilik galar.

Bilşimiz ýaly, her ýyly döwrebap atlandyrmak babatdaky asylly däbimiz agzybirligimizi we jebisligimizi dabaralandyryp, halkymyzyň watançylyk ruhuny belende göterýär. Şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ata Watanymyzyň kuwwatly, ösen döwlete öwrülmegine mynasyp goşant goşýan ýaşlara bolan ynamyň, hormat-sarpanyň uludygyny görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz: «Biz halkymyzyň, şol sanda ýaşlarymyzyň watansöýüjiligine, zehinine we yhlasyna daýanyp, täze ýylda-da eziz Watanymyzy rowaçlyklaryň ýurduna öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekeris» diýip nygtap geçýär. Arkadagly Serdarymyzyň şu sözlerinden ugur alyp, ýaşlarymyzyň hem berkarar ýurdumyzy uly ösüşlere beslemekde ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynanýarys.

Arkadagly Serdarymyz ata Watanymyzyň ertirki gününi şan-şöhrata beslemekde şu günki merdana ýaşlarymyza berk ynam bildirýär, eziz Diýarymyzyň röwşen ykbalyny şu günki ýaşlarda görýär.

Ýylymyzyň şygarynyň bagtyýar ýaşlar bilen baglanyşdyrylmagynyň örän uly manysy bar. Ýaşlar döwrümizi täze-täze belentliklere ýetirmegiň arzuwynda ýaşaýarlar. Olarda öz maksatlaryna ýetmäge, döwrebap bilim almaga, işlemäge, döretmäge, dürli ugurlarda ýurdumyz üçin bähbitli hyzmatdaşlygy amala aşyrmaga ukyp-başarnyk ýeterlik. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň batly ösüşlerini üstünlikli dowam etdirmek üçin döredilen binýat berk, ýollar giň we açyk. Biri-birinden zyýada gelýän ýyllarymyz, ajaýyp zamanamyz jemgyýetde her birimiziň öz mynasyp ornumyzy tapmak, ygtybarly geljegimizi üpjün etmek üçin ajaýyp mümkinçilikleri açýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri beýik işleriň, ajaýyp başlangyçlaryň döwri. Her bir raýatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň düýp özeni. Ýylymyzyň şygaryny ýoluna şamçyrag eden ildeşlerimiziň her biri häzirki günlerde Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmelere, ata Watanymyzyň abadançylygynyň, il-günümiziň bagtyýarlygynyň, dünýäde parahatçylygyň bähbidine gönükdirilen asylly işlere saldamly goşant goşmak ugrunda täze zähmet üstünliklerine galkynýar.

Üstümizdäki — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ähli pudaklarda alnyp barylýan işler rowaçlyklara beslener. Çünki, ata Watanymyzyň geljegi bolan biz, ýaşlara ylym-bilim almaga, öz islän hünärlerimiziň eýesi bolmaga, giň dünýägaraýyşly, aň-düşünjeli bolup ýetişmäge ähli mümkinçilikler döredilýär.

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda ýaşlar syýasatyna täzeden seredilmegi hem ýaşlarymyzyň öňünde beýik maksatlary goýdy. Şeýle hem 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy biz, ýaşlary diýseň buýsandyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda şeýle diýilýär: “Biz halkymyzyň, şol sanda ýaşlarymyzyň watansöýüjiligine, zehinine we yhlasyna daýanyp, täze ýylda-da eziz Watanymyzy rowaçlyklaryň ýurduna öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekeris”.

Diýmek, hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlaryna bolan ynamyndan ruhlanyp, türkmen ýaşlaryna döwletimiziň, jemgyýetimiziň hem-de ýurdumyzyň täze öüşleri üçin saldamly goşatn goşmak ugrunda ýadawsyz hem-de yhlasly zähmet çekmek we okamak, bilim ýüküni artygy bilen ýetirmek galýar.

Hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödäp, ýurdumyzyň uly ösüşlerini wagyz etmekde, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde zähmetimizi gaýgyrmarys. Goý, bizi şeýle döwletli-döwranyň gujagynda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!

Ejeş Taganowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi