SIZDEN GELENLER

Ýylyň şygary – ýaşlara bolan ynamyň sarpasy

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýlarymyz toýa, üstünliklerimiz üstünliklere utgaşýar. Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleriniň ählisinde türkmen halkynyň geljeginiň aladasy durandyr. Bu günki günde ähli ulgamlarda amal edilen işler asyrlara barabardyr. Dünýä döwletleri bilen ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, hukuk we kanunçylyk ulgamlarynda, durmuş üpjünçiliginde ýetilen sepgitler bimöçberdir. Bularyň ählisi türkmen jemgyýetiniň kämilliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň subutnamasydyr.

Durmuşa geçirilýän beýik işleri, ägirt uly tutumlary bilen şöhratly taryhymyzy kemala getirýän ýyllary çuň mazmunly döwrebap atlar bilen atlandyrmak indi ajaýyp döwrümiziň mizemez ýörelgesine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nobatdaky ýylynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň özeninde, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň egsilmez kuwwaty, nurana geljegi bolan ýaş nesliň abadan, bagtyýar durmuşy baradaky naýbaşy alada durandyr.

Bu babatda Arkadagly Serdarymyz nurana durmuşyň eýeleri bolan ýaşlara ýüzlenip, şeýle diýýär: «Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys». Arkadagly Serdarymyzyň özlerine bildirýän şeýle belent ynamyny ödemek täze taryhy eýýamyň belent ruhly ýaşlarynyň baş maksady bolup durýar. Munuň üçin ýaşlar halkara ülňülerine laýyk ylym-bilim öwrenip, dürli hünärleri ussatlyk bilen ele alýarlar. Döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda joşgunly zähmet çekýärler, telekeçilik işinde oýlanyşykly başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýärler. Jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagyna, kämilleşmegine mynasyp goşant goşýarlar. Şeýle yhlasly zähmetiň oňyn netijeleri olaryň täze taryhy eýýamyň milli we döwlet maksatnamalarynyň üstünliklere beslenmegindäki saldamly goşantlarynda aýdyň ýüze çykýar.

Ýaşlar barada döwlet syýasatynyň esasy wezipeleri, Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden, olary watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmekden, ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek babatda bilim edaralarynyň, şeýle hem döwlet edara-guramalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, döwlete dahylsyz we halkara guramalaryň özara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleri mundan beýläk-de amala aşyrmakdan ybaratdyr.

Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň kabul edilen hem-de yzygiderli kämilleşdirilýän hukuk resminamalaryna, ýaşlar üçin niýetlenilen ýörelgelere daýanýandygyny nygtamalydyrys. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny muňa aýdyň subutnamadyr. Ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan bu hukuk resminamalary bagtyýar nesillerimizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetde, syýasatda we medeni ulgamda alnyp barylýan döwletli tutumlara has-da işjeň çekmek ýaly maksatlara gönükdirilendir.

Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen kämil ýaşlarymyz bilen belent maksatlarymyz myrat tapsyn! Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri, döwletli ýoly Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mundan beýläk-de dowamat-dowam bolsun!

Atamyrat Abdyýew,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Diller kafedrasynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Şekillendiriş sungaty sapagynyň ähmiýeti

Internet torunyň orny we ähmiýeti

Iňlis dili-täze mümkinçilikler

Beýik Seljuk döwletinde bilimiň gurnalmagynda Mälik şanyň hyzmatlary

Bilim – ösüşleriň berk binýady