SIZDEN GELENLER

Ýylyň şygary bilen arzyly geljege rowana

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli durmuşda ömür sürmek, okamak, öwrenmek we işlemek üçin ähli mümkinçilikler döwlet tarapyndan döredilýär. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagyny, daşary ýurt dilleriniň birnäçesinde suwara geplemegini, hünärlerine ussat bolmagyny gazanmak üçin bilim ulgamynda dürli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Dünýä tejribesinde oňaýly hasaplanylan we milliligimize kybap gelýän okatmagyň täzeçillikleri, has takygy, sanly tehnologiýalar we innowasion usullar bilim ulgamyna yzygiderli ornaşdyrylýar.

Her ýyly täze şygar bilen atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. 2023-nji ýylyň şygary “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýen jümle özünde çuňňur many-mazmuny jemleýär. Bu şygar ösüp gelýän ýaş nesliň eziz Diýarymyzyň dürli ugurlarda ösmegine goşant goşjakdygyna bildirilýän ynamyň nyşanydyr.

Biziň eziz Diýarymyzda “Bilimli nesil – kuwwatly Watan” diýen parasatly ýörelgä eýerilýär, sebäbi ösüp gelýän ýaş nesil biziň bagtly geljegimiziň kepilidir. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Paýhas çesmesi” atly kitabynda “Okaýan il ozar – okamaýan il tozar” we “Bilegi güýçli birini ýykar, bilimi güýçli – müňini” ýaly parasatly sözler biziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatyny beýan edýär.  Watanymyzda ýaşlara uly ynam bildirilýär we ýaşlaryň ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ýeňillikli şertler döredilýär.

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçýän 2023-nji ýylda hem biziň ýurdumyz üstünliklere eýe bolar. Kemala gelýän ýaş nesil ýurdumyzyň dürli ugurlarda ösmegine goşant goşar, şeýlelikde, Garaşsyz we baky Bitarap ýurdumyzyň şan-şöhrady has-da belende galar. Hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza ýaşlar barada edýän aladalary, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda döredip bärýän şertleri üçin tüýs ýüregimizden hoşallyk bildirýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Ähli başlangyçlary rowaçlyklara beslensin!

Gülnur Beşerowa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

 

 

Ýene-de okaň

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Şekillendiriş sungaty sapagynyň ähmiýeti

Internet torunyň orny we ähmiýeti

Iňlis dili-täze mümkinçilikler

Beýik Seljuk döwletinde bilimiň gurnalmagynda Mälik şanyň hyzmatlary

Bilim – ösüşleriň berk binýady