SIZDEN GELENLER

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

 

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň uludan baýram ediljek 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy halkymyzy buýsandyrdy. Bu ýylda ýurdumyzyň ösüşlerini bedew bady bilen ilerletmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda beýik işleriň durmuşa geçiriljekdigine diýseň begenýäris, buýsanýarys.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda köp sanly çäreleri geçirmek meýilleşdirildi we çäreleriň Maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy.

Gündogar senenamasy boýunça ýylky — at ýyly bolan 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi türkmen halky bilen birlikde uzak taryhy ýoly geçen, milli medeniýetde, däp-dessurlarda ygtybarlylygyň, wepadarlygyň janly nyşany hökmünde mynasyp orun tutan ajaýyp bedewlerimize goýulýan hormatyň ajaýyp görkezijisidir.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022—2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurluşyk işleri alnyp barylýar, täze desgalar yzygiderli açylyp ulanylmaga berilýär.

Ýurdumyzda şanly seneler ýokary derejede guramaçylykly bellenip geçirilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuny il agzybirliginde uludan baýram ederis. Bu şanly senäni ýokary netijeler bilen garşylamak her birimiziň baş maksadymyzdyr.

Bilşimiz ýaly, medeniýet ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu gün medeniýet işgärleriniň döredijilikli we netijeli işlemegi ugrunda döredilýän şertler hem ulgamyň döwrebap ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Özleri hakda edilýän aladalardan, döredilýän şertlerdir mümkinçiliklerden göwni galkynan medeniýet-sungat işgärleri täzeden täze eserlerini taýýarlamak bilen birlikde, milli medeni we edebi mirasymyzy düýpli öwrenmekde, halkymyzyň gadymy mirasyny wagyz etmekde mynasyp goşandyny goşýarlar. Ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlary, halk döredijilik çykyşlary bilen halkymyza ruhy lezzet paýlaýarlar.

Şol bir wagtda halkyň taryhy we medeni mirasy onuň ruhy dünýäsiniň esasyny düzýär. Eziz Diýarymyzda muzeýler diňe bir gadymy tapyndylaryň saklanýan ýeri däl, eýsem halkyň köňül buýsanjynyň, milli gymmatlyklarynyň we döwletlilik ýörelgeleriniň janly beýanydyr. Olar geçmiş bilen geljegi birleşdirýän ruhy köpri bolup hyzmat edýär. Muzeýleriň iň esasy wezipesi — milli mirasy gorap saklamak we ony nesilden-nesle geçirmekdir. Türkmenistanyň Döwlet muzeýinden başlap, welaýatlardaky ülkäni öwreniş muzeýlerine çenli ähli edaralar halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden maddy we ruhy gymmatlyklarynyň goragçysydyr. Häzirki zaman türkmen jemgyýetinde muzeýler möhüm bilim we terbiýeçilik ojagy hökmünde çykyş edýär. Mekdep okuwçylary we talyp ýaşlar üçin muzeýlere guralýan gezelençler diňe bir nazary maglumat däl, eýsem göz bilen görülýän janly taryhdyr.

Türkmen muzeýleri halkara medeni diplomatiýada hem uly orny eýeleýär. Ýurdumyza gelýän her bir daşary ýurtly myhman ilki bilen muzeýlere baryp görmek bilen, türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik, myhman söýerlik we döredijilikli zähmet ýörelgeleri bilen tanyşýar.

Gysgaça aýtsak, muzeýler türkmen jemgyýetiniň ruhy sütünidir. Olar biziň kimdigimizi, nireden gelendigimizi we nähili beýik mirasyň eýesidigimizi ýatladyp durýan mukaddes ojaklardyr. Geçmişine hormat goýan halkyň geljegi hemişe ýagtydyr. Muzeýler bolsa şol ýagty geljege barýan ýolda biziň iň ygtybarly ýol görkezijimizdir.

Şunuň bilen baglylykda, biz hem muzeý işgärleri bolup, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylymy giňden wagyz etmekde öz mynasyp goşandymyzy goşarys.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylyň şygary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, has belent sepgitlere, beýik maksatlara ýetmäge ruhlandyrýar.

Raýatlarymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin! Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň uly dabaralara beslenip belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hormatly Prezidentimiziň saýasynda abadançylykda, bagtyýarlykda ýaşaýan halkymyza, berkarar Watanymyza rysgal-bereket, döwletli döwran getirsin!

Güljemal Magtymowa,

Türkmenistanyñ Döwlet medeniýet merkeziniñ Döwlet muzeýiniñ Ylmy usulyýet bölüminiñ usulçysy. 

Ýene-de okaň

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün

Ýylyň şygary – milli buýsanjymyzyň ykrary

Kämil bilim — ösüşleriň gözbaşy