JEMGYÝET

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär

Giriş:
Bilşiňiz ýaly, dünýä belli sözlükler – “Oxford”, “Cambridge” we beýlekiler – her ýyl “Ýylyň Sözüni” saýlaýarlar. Biz hem “Makul Sözlük”  (makulsozluk com) hökmünde şu görelde esasynda özümiziň “Ýylyň Sözüni” saýlamak kararyna geldik we bu täsirli çärede size gatnaşmak üçin mümkinçilik berýäris. Saýlanan söze 1000 manat sowgat beriler.

Şertler:

  1. Teklipleriň kabul edilýän platformasy
    Saýlanjak sözi diňe “Atawatanhabarlary Tiktok” hasabymyzda ýörite bu wideonyň aşagyndaky teswir bölüminde ýazyp bilersiňiz. Başga ýerlerden edilen teklipler kabul edilmez.
  2. Sözüň saýlanmagy üçin talaplar:
    • Söz adam adyýer ady ýa-da milli gymmatlyklarymyzy (mysal: Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Baýdak) aňlatmaly däldir.
    • Söz Makul Sözlük platformasynda ýerleşýän we dört dilde (Türkmen, Iňlis, Türk, Rus) bar bolan söz bolmalydyr.
    • Sözüň nusgasyny Makul Sözlükde barlan görnüşde, dört dilde ýazyp görkezmeli. Mysal:
      alma (Türkmen), apple (Iňlis), elma (Türk), яблоко (Rus).
  3. Teswir ýazmagyň düzgüni:
    • Bir günde birden köp söz teklip edip bilersiňiz.
    • Ilkinji ýazylan teswir saýlanyp alynjakdyr. Teswirde wagtyňyz (Türkmenistan wagty bilen) takyk ýazylmalydyr: mysal 25.12.2024, sagat 23:34.
    • Wagtyny üýtgedip ýazylan teswirler derrew pozular.
  4. Ýeňijiniň kesgitlenmegi:
    • Diňe ilkinji kabul edilen teklip eýesine baýrak gowşurylar.
    • Döwran Orazgylyjowyň garyndaşlary, “Atawatan Media” we “Makul Sözlük” işgärleri we olaryň ýakyn garyndaşlary bu teklibe gatnaşyp bilmeýärler.
  5. Alternatiw çözgüt:
    Eger kabul ederlikli teklip gelmese, biz özümiz söz saýlarys. Bu ýagdaýda, 1000 manat haýyr-sahawat üçin bagyş ediler we nirä bagyş edilýändigi soň yglan ediler.
  6. Netije we baýragyň gowşurylmagy:
    • Netije 31-nji dekabr 2024-de yglan ediler.
    • Pul baýrak Aşgabatda ýanwar aýynyň ilkinji 5 gününiň içinde nagt görnüşde gowşurylar.

Goşmaça bellikler:

  • “Makul Sözlük” her ýyl bu çäre bilen gatnaşýanlary has köp gyzyklandyrmak we has uly baýraklar hödürlemek isleýär.
  • Islendik ahlaka ýa-da kanuna garşy gelen teswirler derrew pozular we ulanyjy blok ediler.

Wideony paýlaşyň we bize goşulyň!
“Makul Sözlük” bilen “Ýylyň Sözüni” saýlamakda gatnaşanyňyz üçin sagbolsun aýdýarys!

Ýene-de okaň

Türkmenistan “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjy öňe sürýär

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!