MEDENIÝET

“Ýylyň parlak ýyldyzy” kim boldy?

Paýtagtymyzda baýramçylyk çäreleriniň Täze ýyl maksatnamasynyň aýdyň wakalarynyň birine öwrülen “Ýylyň parlak ýyldyzy — 2021” döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Birnäçe tapgyrda geçirilen döredijilik çäresiniň jemleýji tapgyryna ýaş aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy, olara deslapky tapgyryň dowamynda teletomaşaçylar hem-de radiodiňleýjiler has köp ses berdiler. Indi olaryň öňünde bäsleşigiň baş baýragynyň eýesini kesgitlemek wezipesi durýardy, muňa soňra aýdym-saz sahnasynyň ussatlary goşuldylar.

«Türkmen owazy» teleýaýlymynyň studiýasynda geçirilen jemleýji konserte tomaşa etmek üçin belli artistler, kompozitorlar, şahyrlar we beýleki medeniýet işgärleri ýygnandylar.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde guralan bu bäsleşigiň maksady ýaşlaryň arasynda döredijilik işjeňligini hem-de başlangyjy höweslendirmekden, täze zehinleri ýüze çykarmakdan we goldamakdan ybaratdyr.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, bäsdeşler iki aýdymy, özi-de bir aýdymy sazsyz ýerine ýetirdiler. Munuň özi eminlere aýdymçylaryň sesine doly baha bermäge mümkinçilik döretdi. Şeýle synag ýaş aýdymçylaryň artistlik ussatlygyny, tomaşaçylaryň göwnünden turmak başarnygyny ýüze çykarmaga kömek etdi. Şunda aýdym-saz muşdaklarynyň el çarpyşmalary sazyň ornuny tutdy. Dürli žanrlardan aýdymlar — estrada we halk, söýgi hem-de watançylyk, baýramçylyk aýdymlary ýaňlandy.

Aýdym-saz bäsleşigi birnäçe sagat dowam edip, ol ýa-da beýleki aýdymçynyň çykyşyndan soň, meşhur artistler öz pikirlerini beýan etdiler hem-de ýaş kärdeşlerine halypalyk maslahatlaryny berdiler. Tomaşaçylaryň SMS arkaly iberen sesleri sanaldy.

Ses bermek tamamlanýar, dabarany alyp baryjylar bäsleşigiň jemlerini yglan edýärler. Ýaş aýdymçy Begençmyrat Çaryýew döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edilýär hem-de “Ýylyň parlak ýyldyzy” adyna mynasyp bolýar. Ýeňijä “Ýylyň parlak ýyldyzy” göçme Kubogy hem-de höweslendiriji pul baýragy gowşuryldy.

Baş baýrakdan başga-da, birinji, ikinji we üçünji orunlar üçin baýraklar göz öňünde tutuldy, olara, degişlilikde, Rüstem Hallyýew, Bahar Annaýewa we Baýramhan Saparow mynasyp boldular.

 

20-nji dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň çeper filmleri XVII «Ýewraziýa» halkara film festiwalynda görkeziler

Türkmenabatda bilelikdäki türkmen-özbek konserti geçirildi

“Gladiator 2” ilkinji hepdesinde rekord goýdy

Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

“Älem gözeli-2024” ýeňijisi belli boldy