SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýylyň nika toýy: Jeff Bezos bilen Loren Sançes resmi taýdan öýlendi

Jeff Bezos bilen Loren Sançes resmi taýdan öýlendi diýip, “The Hollywood Reporter” neşiri 27-nji iýunda habar berýär. Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri we öňki teleýaýlym alypbaryjysy Wenesiýada geçirilen dabaraly nika toýunda nikalaşdy.

Üç gün dowam eden dabaralar San-Jorjo-Major adasynyň hemmesini öz içine aldy. Bu ada Wenesiýanyň taryhy merkezleriniň golaýynda ýerleşýär. Myhmanlaryň sanawynda Oprah Winfrey, Bill Geýts, Kim Kardaşian, Kris Jenner, Karlie Kloss, Iwanka Tramp, Orlando Blumm, Jewel, Leonardo Dikaprio, Barry Diller we Diane won Fürstenberg bardy.

Ýyldyzlaryň gatnaşmagyndaky myhmanlar şäherdäki myhmanhanalara ýerleşdirildi.


Nika toýunyň bahasy

“Reuters” agentliginiň çaklamalaryna görä, dabaralaryň umumy çykdajysy 40–48 million ýewro (takmynan 46,5–55,6 million ABŞ dollary) barabar boldy. Wenesiýanyň syýahatçylyk geňeşçisi Simone Wenturini “CNN” teleýaýlymyna beren beýanatynda şäheriň bu hepdelik çärelerden 20–30 million ýewro (23,4–35,1 million ABŞ dollary) girdeji gazanmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Italiýanyň Syýahatçylyk ministrligi geçiren barlaglarynda bu toýuň ykdysady täsiriniň 957 million ýewro (1,12 milliard ABŞ dollary) boljakdygyny, munuň 896 million ýewrosynyň “mediýa arkaly mahabatdan” gelip çykjakdygyny aýtdy.

Galan bölegi beýleki girdejileri öz içine alýar: myhmanhana we ýer tölegleri üçin 28,4 million ýewro (33,33 million ABŞ dollary), ulag we beýleki hyzmatlar üçin 17,6 million ýewro (20,66 million ABŞ dollary).

Bezos bilen Sançes Wenesiýanyň üç guramasyna 3 million ýewro bagyşlady: “CORILA” guramasyna, ÝUNESKO-nyň ýerli bölümine we Wenesiýanyň Halkara uniwersitetine hersine 1 million ýewro gönükdirildi.

Ýene-de okaň

Raýat awiasiýasy üçin halkara derejeli hünärmenler taýýarlanýar

Raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda antalýa baryp gördüler

“Pekin – Duşenbe” ugry boýunça ilkinji gatnawyny ýola goýdy

BSGG Ýewropada howa we saglyk boýunça täze komissiýa döretdi

Aşgabadyň Halkara howa menzili multimediýa ulgamyndan peýdalanmaga çagyrýar