SIZDEN GELENLER

Ýylymyzyň şygary-ýolumyzyň çyragy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz täze taryhy döwre — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne uly rowaçlyklar bilen gadam basdy. Her bir ýylyň özboluşly şygar bilen atlandyrylmagy bolsa, şol ýylyň maksatnamalaýyn ösüşleriniň we belent sepgitleriniň ruhy sütünine öwrülýär. 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi halkymyzyň agzybirliginiň, döwletimiziň kuwwatynyň we geljege bolan ynamly gadamlarynyň aýdyň beýanydyr.

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” – bu şygar diňe bir söz däl, eýsem, mähriban Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň, ykdysady we medeni ösüşleriniň täze badalgasydyr. “Bedew batly” diýen jümle türkmen halkynyň wepaly hem-de asylly syrdaşy bolan ahalteke bedewlerimiziň ýyndamlygyny, ösüşleriň tizligini aňladýar. At-myrat bolsa, her bir türkmen ojagynda beslenýän ak arzuwlaryň, beýik maksatlara ýetmegiň nyşanydyr.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly taryhy ähmiýetli wakalara, ajaýyp pursatlara beslenýär. Toýlaryň toýa ulaşmagy, dürli maksatly desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi, ykdysadyýetiň pudaklarynda guwandyryjy sepgitlere ýetilmegi buýsançly başlary göge ýetirýär. Watanymyzyň bu ösüş-özgertmeleriniň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bar.

Bedewler bilen ýetilen arzyly sepgitler halkymyzyň abraý-mertebesini belende göterýär. Onuň şeýledigine «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem gazanýan üstünlikleri buýsandyryjydyr. Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalarynyň gowşurylmagy halkymyzy buýsandyrdy.

Ata-babalarymyzyň döreden, kämilleşdirip, Garaşsyzlyk döwrüne ýetiren maddy baýlyklarynyň naýbaşy nusgalarynyň biri hem bedew atlardyr. Gahryman Arkadagymyz türkmen bedewleri barada ýazan «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda grek taryhçysy Gerodotyň «Gündogarda ajaýyp atlar gezýän Nusaý atly ägirt uly giňişlik bar»[1] diýen sözlerini mysal getirmek bilen, türkmen bedewleriniň waspynyň ir wagtlardan bäri dünýä ýüzünde bellidigini ýatlaýar. Bedew atlaryň waspy nusgawy şahyrlaryň döredijiliginde-de, ýatdan aýdylýan halk döredijiliginde-de öz beýanyny tapyp gelipdir. Nusgawy şahyrlaryň haýsy biriniň döredijiligine ýüzlenseň-de, bedewleri wasp etmedik şahyr tapylmasa gerek.

Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan atçylyk medeniýeti diňe bir sungat däp-dessury däl, eýsem, ol halkymyzyň ruhy keşbiniň, batyrgaýlygynyň, edermenliginiň hem-de Watana bolan söýgüsiniň janly beýanydyr.

Dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen türkmen bedewleri taryhyň gatynda uly orna mynasyp bolupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» atly eserleri milli buýsanjymyz ahalteke bedewleriniň müňýyllyklaryň dowamynda beýik sungat hökmünde kemala gelişi, gylyk-häsiýetleri barada gymmatly maglumatlaryň çeşmesidir. Ahalteke bedewleri özüniň gözelligi, çalasynlygy, düşbüligi, başarnyklary bilen özüne maýyl edýär. «At — myrat» diýilşi ýaly, ahalteke bedewi ähli döwürlerde, ähli eýýamlarda türkmeniň myrady, uçar ganaty bolupdyr. Onuň owadanlygy, uz ýöreýşi, edim-gylymy, gelin-gyzlara mahsus bolan häsiýetler bilen deňelýär. Bu barada Milli Liderimiz: «Gyz gylykly, owadan bedewlerimiz diňe ynsan syzgyrlygy, duýgurlygy bilen däl-de, eýsem, gaýratlylygy, çydamlylygy, wepadarlygy hem-de namysjaňlygy bilen kalbyňa gozgalaň salyp, buýsanç, guwanç duýgusyny döredýär, öçmejek yz goýýar» diýýär.

Türkmen halky elmydama bedew ata uly söýgi, hormat, sarpa bilen çemeleşipdir. Munuň şeýledigini halk döredijiligi eserleriniň, türkmen edebiýatynyň taryhyndaky ýazyjy-şahyrlaryň döredijiliginden hem göz ýetirmek bolýar. Bedewler bilen baglanyşykly «At agnan ýerde toý bolar», «Ýigit myrady — at», «Irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy» ýaly nakyllaryň döredilmegi halkyň ýüreginde bu jandara bolan söýgüden habar berýär.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň uly dabaralara beslenen 2014-nji ýyly tutuş türki dilli döwletleriň çygrynda «Magtymguly Pyragy ýyly», 2015-nji ýyl — «Türkmenistan — Bitaraplygyň we parahatçylygyň ýurdy», 2016-njy ýyl — «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly», 2017-nji ýyl — «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly», 2018-nji ýyl — «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», 2019-njy ýyl — «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany», 2020-nji ýyl — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», 2021-nji ýyl — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany», 2022-nji ýyl — «Halkyň Arkadagly zamanasy», 2023-nji ýyl — «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly», 2024-nji ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly», 2025-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrylan bolsa, onda täze gadam goýan 2026-njy ýylymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýen ajaýyp şygar bilen halkymyzy röwşen geljege sary alyp gider.

Jemile Kulyýewa, 

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Döredijilik äleminiň gapysy: surat we çyzuw

Türkmen dili-milli guwanjymyz we ruhy hazynamyz

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy