SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýüzüňizi Gün şöhlesinden goraň!

Dermanhanadan Gün şöhlesinden goraýan kremleriň ýüz derisine laýygyny saýlanyňyzda, düzümindäki ýazgyda SPF, UVA we UVB ýazgylaryň bolmagyna dykkat ediň! SPF-ni öz içine alýan kremler Gün şöhlesiniň täsirini yza çekmek häsiýetine eýe bolsa, UVA we UVB bolan kremler apytap nurunyň täsirinde ýüze tegmilleriň, daglaryň düşmeginden goraýar. Krem ulanmazdan ozal zerur maslahatlar bilen tanyşyň:

Tomus möwsümi üçin Günden goraýan kremleriň 8, 10, 15, 20 we 25 göterimleri maslahat berilýär.

Ýüzüň derisi gury bolsa, ilki nemlendiriji kremi soňra gün şöhlesinden goraýan kremi ulanyň. Sebäbi SPF kremleriniň düzüminde ýüz derisini agardyjy birleşmeler bolup, ýüz derinini guradýar.

Ýüzüň derisi ýagly bolsa, gün şöhlesinden goraýan kremiň özüni ulanyp, soňra pudra ýa-da tonal kremleri ulanyp bilersiňiz.

Gün şöhlesinden goraýan kremleri günde 2-3 gezek ulanmaly. Her gezek ulanylanda, öňküsi ýyly suwda ýuwlup, ýüz derisi arassalanýar we krem gaýtadan ulanylýar.

Tomusda gündizine (irden) nemlendiriji we gije (agşam sagat sekizden ona çenli) düzüminde iýmitlendiriji birleşmeleri bolan kremleri ulanmaly.

Gyzyp duran ýüze gatyk ýa-da süzme ýaly önümleri ulanmaň. Sebäbi süýt-gatyk önümleriniň düzümindäki turşulyklar käwagt derä zeper ýetirmegi mümkin.

 

Gazylyp alýan pudaklara bagyşlanan halkara forum

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady

Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawynda bilet arzanladyşy

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy bir hepdelik wiza resmileşdirmegi togtadýar

Türkmen lukmanlary halkara tejribesini artdyrýarlar

Ata Watan Eserleri