JEMGYÝET

Ýurdumyzyň Täze ýyl baş arçasynyň yşyklary nur saçdy

Paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Bu dabara, adatça, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda geçirilýär.

Ýola goýlan däbe görä, paýtagtymyzda Köpetdagyň etekleriniň täsin tebigy künjekleriniň birinde ýerleşen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdança dabaralaryň merkezine öwrüldi. Bu ýerde iň owadan belent arça oturdylyp, ertekiler şäherjigi giňden ýaýbaňlandyryldy.

Dürli öwüşgin saçýan şarlardyr çyrajyklar, yşyklandyryjy bezeglerden emele gelen lybasa beslenen Baş arçanyň töweregine müňlerçe ýaşlar we ulular ýygnandylar. Çünki hut şu ýerden çagalar üçin täsin başdan geçirmeleriň we açyşlaryň jadylaýjy güýji gözbaş alýar. Bu ýerde Aýazbabanyň we onuň wepaly hemrasy Garpamygyň jadyly taýajyklary arkaly körpeleriň ajaýyp arzuwlary, islegleri amala aşýar.

Çürbaşy “2023” belgili sekizburçly ýyldyz bilen jemlenýän Baş arçanyň beýikligi 43 metre deňdir. Köp dürli oýnawaçlardan we yşyklandyryjylaryň dürli görnüşlerinden bezegi ýeten bu ajaýyp arçanyň ýerleşýän ýeri paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary üçin iň owadan we özüne çekiji gözel ýerleriň birine öwrüler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär