Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde eziz Watanymyz Türkmenistan uly ösüşlere, beýik özgertmelere beslenýär. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ýokary derejelere götermek we ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ýokary ykdysady ösüşleri gazanmak maksady bilen bu günki gün eziz diýarymyzda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär.
Ata Watanymyzda alnyp barylýan şeýle özgertmeleriň esasy maksady ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekden we halkymyzyň eşretli ýaşaýyş-durmuş derejesini hemmetaraplaýyn gowulandyrmakdan ybaratdyr.
Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda telekeçilik işleri has-da ýokary derejede ösdürilýär. Olara ýakyndan ýardam berilýär.
Elbetde, daşary ýurtlar bilen söwda dolanyşygynda eksport edilýän harytlaryň mukdaryny artdyrmak we import edilýän harytlaryň bolsa öwezini dolmak hem-de olaryň önümçiliklerini öz toprak-howa şertlerimize laýyklykda ýola goýmak boýunça birnäçe işler durmuşa geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyz telekeçiligi ýokary derejede ösdürmek boýunça taýsyz tagallalary edýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda 2008-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi, döwletimiziň ykdysady gurluşynda milli telekeçiligiň, hususy sektorlaryň mynasyp orny eýelemegine ýol açdy.
Eziz Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary netijesinde häzirki wagtda her bir adamynyň öz ukyp başarnyklaryna görä, telekeçilik işini durmuşa geçirmegine, işewür hereket etmegine hemaýat berýän amatly şertler döredildi. Döwletimiz tarapyndan giň möçberde goldanylmagy netijesinde milli ykdysadyýetimizde telekeçiligiň orny barha ýokarlanýar.
Telekeçiligiň ösdürilmegi ykdysadyýeti sagdynlaşdyrýar, onuň durnukly ösmegine ýardam berýär. Ýurdumyzda telekeçilik işi mynasyp ornuny eýelemek bilen, ynamly öňe barýar. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiň has ýokary basgançaklaryna ynamly çykmagyna kuwwatly itergi berýär, döwletimiziň gülläp ösmegini we halkara abraýynyň barha ýokarlanmagyny üpjün etmek üçin zerur şertleri döredýär.
Häzirki wagtda telekeçiligiň giň gerim bilen ösdürilmegi, bazar gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi, ýerli bazarlarymyzda harytlaryň dürli görüşleriniň bolmagy bazar bäsleşiginiň has-da ýokary derejede ösmegine getirýär. Bäsleşik – bu esasan bazaryň ösüş ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr we ol ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýjüdir.
Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşy, kämil hünärmenler, Watan söýüji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle işler bilen birlikde biziň Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde hem talyp ýaşlara telekeçilik işi barada nazary okuw sapaklary geçilýär. Her hepdäniň şenbe güni bolsa, talyp ýaşlaryň we halypa mugallymlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen duşuşyklar geçirilýär we olar bilen pikir alşylýar. Bu bolsa ýaşlaryň geljekde telekeçilik işi bilen meşgullanmaklaryna uly itergi berýär.
Arassa asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde halkymyzyň bolelin hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik bolsun! “Halkyň Arkadagly zamanasynda” telekeçilik işleri mundan hem beýläk uly ösüşlere eýe bolsun!
Bibihatyja Begjanowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.