Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Şolaryň hatarynda Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahana, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahana, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi bar.
Dabaranyň esasy pursatlarynda ýadygärlik ýazgy ýazylan ýörite gutujyk 500 orunlyk Aşgabat şäher köpugurly hassahanasynyň gurluşyk meýdançasynyň düýbüne atyldy. Şeýlelikde, desganyň gurluşygyna resmi taýdan badalga berildi.
Bu merkezde häzirki zaman lukmançylygynyň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrylyp, onda adamlaryň saglygyny berkitmekleri, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmaklary üçin zerur şertler dörediler. Dabara gatnaşyjylar halkymyzyň saglygy baradaky yzygiderli aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan etdiler.
***
Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde bolsa 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahananyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Oňa welaýatyň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleri, etrabyň ýaşaýjylary, saglygy goraýyş işgärleri gatnaşdylar. Aýdym-saz, tans toparlarynyň şowhunly çykyşy dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Çykyşlarda täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň abadan durmuşy ugrunda alnyp barylýan beýik işler wasp edildi.
***
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dabaralar Daşoguz welaýatynyň edara ediş merkezinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbüniň tutulmagy bilen dowam etdi.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň milli saglygy goraýyş ulgamynda başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn ösmeklerine, olaryň bilim-terbiýeli bolmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Hususan-da, eneligi we çagalygy goramak «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda kesgitlenen möhüm ugur bolup çykyş edýär. Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygyna badalga berilmegi hem Watanymyzyň ýagty geljegi bolan ýaş nesliň abadan durmuşy we beden taýdan sagdyn ösmegi ugrunda döwlet tarapyndan edilýän aladalaryň aýdyň güwäsidir.