BIZNES

Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi

Düýn Ahal welaýatynyň çäginde häzirki zaman desgalarynyň birbada ikisiniň — Ak bugdaý etrabynda lagym suwuny arassalaýjy desganyň, şeýle-de Tejen etrabynda suw arassalaýjy desganyň işe girizilmegi şatlykly dabaralara beslendi.

Ak bugdaý etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 15 müň kub metr bolan lagym suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabarasy boldy. «Mukaddes toprak» hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy ýerine ýetirilen häzirki zaman desgasynda Fransiýa, Germaniýa, Türkiýe ýaly ýurtlaryň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylypdyr.

Tejen etrabynyň merkezinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desganyň toý ruhunda açylyp ulanmaga berilmegi ildeşlerimiziň kalbyny joşa getirýär.

Döwrebap gidrotehniki desgalaryň açylyş dabaralaryna Mejlisiň deputatlary, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, il sylagly ýaşulular, ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Bu desgalarda dünýä belli önüm öndürijileriň öňdebaryjy enjamlarynyň ornaşdyrylmagy işleri ýokary derejede alyp barmaga, şol sanda ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer. Döwrebap suw arassalaýjy desga degişli binalardan ybarat bolup, halkara talaplara doly laýyk gelýär.

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy