SPORT

“Ýüpek ýoly-2023” rallisiniň geçiriljek senesi mälim edildi

2023-nji ýylda “Ýüpek ýoly” rallisiniň birinji tapgyry Kazan şäherinden başlap, Moskwada tamamlanýar. Bu barada taslamanyň ýolbaşçysy Wladimir Çagin habar berdi. Ol ralliniň geçjek ugry barada belläp geçdi.

Ýaryş 2023-nji ýylyň 6-15-nji iýuly aralygynda Russiýa Federasiýasynyň 13 subýektiniň üstünden geçer.

“Ýüpek ýoly” rallisi soňky birnäçe ýylyň dowamynda dünýäniň awtosport ugrunyň esasy halkara ýaryşlarynyň biri boldy.

Russiýanyň sport ministri Oleg Matysin bu ralli ýaryşynyň häzirki wagtda esasy sport ýaryşlarynyň birine öwrülendigini belläp, onuň ykdysadyýet we medeni gatnaşyklary özünde jemelýän meýdança öwrülendigini mälim etdi.

“Ýüpek ýoly” rallisi Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2009-njy ýylda döredildi. Bu ralli ýaryşy Russiýanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Mongoliýanyň we Türkmenistanyň çäginden geçdi.

2022-nji ýylda bu ýaryş Pýotr I doglan gününiň 350 ýyllygy mynasybetli geçirilipdi we oňa 20 döwletden 80 türgen gatnaşypdy.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň türgenleri hem ralli ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip gelýärler. «Ýüpek ýoly-2022» ralli ýaryşynda «T2 1000 km.ýokary» görnüşi boýunça hormat münberiniň birinji, ikinji we üçünji orunlaryny tutuşlygyna ildeşlerimiz eýeläpdi. Russiýa Federasiýasynyň çäklerinde geçen awtoralli Astrahan şäherinde başlap, Moskwada tamamlanypdy.

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri