SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

ÝUNISEF Türkmenistana lukmanlar üçin şahsy gorag serişdelerini getirdi

Şu hepdede ÝUNISEF Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi  üçin şahsy gorag serişdelerini (ŞHS) getirdi. Olar umumy bahasy ABŞ-nyň 225 000 dollaryna  barabar  bolan ŞHS-ne kombinzondan, örtüklerden, gorag nikaplaryndan, ýektaýlardan, elliklerdir gorag äýneklerinden ybaratdyr. Bu serişdeler ýiti ýokanç kesellerine garşy durmagy üpjün etmegiň Milli meýilnamasyny durmuşa geçirmäge dowam edýän goldawyň çäklerinde berildi. Bu barada guramanyň internet sahypasynda bellenilip geçildi.

«COVID-19 pandemiýasynyň tutuş dünýäde dowam edýänligi sebäpli, şahsy gorag serişdeleri keselleriň öňüni almagyň we olara garşy durmagyň möhüm bölegidir. Biz lukmanlaryň saglygyna jogapkärdiris» – diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea aýtdy.

ÝUNISEF tutuş dünýäde pandemiýa  döränden zerur lukmançylyk enjamlaryny we gigiýena  serişdelerini almakda Türkmenistana goldaw berýär we ählumumy wehimi ýeňip geçmek üçin goldawy dowam etmäge taýýardygyny beýan edýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-iň çagalar üçin esasy sanjymlary getirmegiň ozaldan gelýän hyzmatdaşlygynyň çäklerinde meýilnamalaşdyrylan immunizasiýa üçin  «A» gepatite, möwsümleýin dümewe, garahassa we popilloma wirusyna garşy esasy sanjymlaryň 4-si getirildi. Munuň özi ÝUNISEF-iň 2021-nji ýylda sanjymlary satyn almak we getirmek hem-de ýurtda çagalaryň yzygiderli sanjymyny üpjün etmek boýunça  borçlaryny ýerine ýetirmekdäki üçünji ýüküdir.

Sanjymlary we çykdajy serişdelerini satyn almak bilen bagly çykdajylary Türkmenistanyň Hökümeti maliýeleşdirýär, meýilnamalaşdyrylan sanjymlar ýurtda çagalara mugt sanjylýar. ÝUNISEF ýokary hilli, BSGG-niň deslapky barlaglaglaryndan geçen sanjymlary, şeýle hem sanjymlar we sowadyjylar üçin howpsuz enjamlary satyn almakda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýär.

“Omikron” 23 döwletde ýüze çykdy

Ýene-de okaň

«Forbes» Kappadokiýadaky Ortahisary dünýäniň iň owadan obalaryñ biri hökmünde sanawa goşdy

Ata Watan Eserleri

Türkiýänıň syýahatçylyk pudagynyň gämi gezelenç ugry boýunça görkezijisi iň ýokary derejä ýetdi

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: halkara howa gatnawlaryň tertibini täzeleýär

Özbegistanyň 14 farmasewtika kärhanasy Türkmenistanda öz önümlerini görkezdi

Üstünlikler, tejribeler, hyzmatdaşlyk…

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi tanyşdyryldy