SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

ÝUNISEF: 520 million sanjym iňňesini ätiýaçlandyrar

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) koronawirus sanjymy üçin 520 million sanjym iňňesini (şpris) ätiýaçlandyrjakdygy habar berdi. ÝUNISEF tarapyndan berlen beýanatda guramanyň koronawirus sanjymynyň çalt, ygtybarly we netijeli paýlanmagy üçin zerur taýýarlyk görüp başlandygy aýdyldy.

Näme üçin ätiýaçlandyrylýar?

COVID-19 sanjymlary dünýäde doly ulanylmaga taýýar, elýeterli bolanda dünýäde millionlarça doza sanjym üçin sanjym iňňelerine (şprislere) mätäçlik çekilip bilinjekdigini mälim eden ÝUNISEF şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak maksady bilen  520 million sanjym iňňesini ätiýaçlandyrar. ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji direktory Genrietta For COVID-19 sanjymynyň dünýä taryhynda iň uly köpçülikleýin sanjymlaryň biri boljakdygyny aýtdy we taýýarlyk işleriniň çalt tamamlanmalydygyny belläp geçdi.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar