PEÝDALY MASLAHAT

Ýumşajyk gök önümli kebap

Gerekli önümler:

  • 600 gram sygyr eti (jylka)
  • 2 sany orta boý käşir
  • 2 sany orta boý ýeralmasy
  • 1 bulgur nohut
  • 4 nahar çemçesi pomidor sousy
  • 1 nahar çemçesi pomidor goýaltmasy
  • Ýarym käse ýag (60 ml)
  • 20 sany gök sogan
  • 1 çaý çemçesi gara burç
  • 1 çaý çemçesi duz
  • 1 bulgur gyzgyn suw (200 ml)

Taýýarlanyşy:

Geliň, gazana goýýan ýagymyzda biraz dogralan gök soganlarymyzy gowralyň. Soň üstüne sygyr etimizi goşalyň we bişirmegi dowam etdireliň. Etiň reňki birneme öwrülip başlanda, gazanyň gapagyny ýapyp, bişirmäge goýuň. Etimiz bişirilende, arassalanan ýeralmalary ownuk kub böleklere keseliň. Şeýle-de käşirleri hem ownuk kub görnüşde böleklere böleliň. Etimiz suwuny çekeninden soň, pomidor goýaltmasy we pomidor sousy goşuň we 1-2 minut gowurmaly. Gaýnag suwy üstüne guýup, gazanyň gapagyny ýapalyň we orta otda 7-8 minutlap bişirmäne goýalyň. Soňra ýeralma, käşir we nohut goşup, garmaly we gök önümlerimiz janlylygyny ýitirýänçä bişirmeli. Gök önümlerimiz biraz ýumşandan soň, geliň duz we burç goşalyň, iň soňky gezek garyşdyryp, ody öçüreliň.

Geliň, gaplaýan kagyzy ortadan iki bölege bölüp, iýmitimizi ortasyna goýalyň we gyralaryndan epeliň. Naharlarymyzyň hemmesini şeýle taýýarlap, çörek bişirilýän tabamyza goýalyň. Gyzdyrylan 190°C peçde takmynan 20-25 minut bişirmek üçin kagyz kebapymyzy goýalyň. Wagtyň ahyrynda bişirilen we türk lezzeti ýaly etli kagyz kebapymyz hödürlenmäge taýyn. Işdäňiz açyk bolsun!

Aziýanyň Kubogy-2023: Türkmenistanyň ýygyndysynyň duşuşyklarynyň senesi

Ýene-de okaň

Türkiýä talyp wizasyna ýüz tutmak isleýänler üçin bildiriş

Ata Watan Eserleri

Ýaldyrak dogdy

Türkmenistan boýunça 28-nji iýul-3-nji awgust aralygyndaky howa maglumaty

Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy şulary ýatladýar

Ata Watan Eserleri

Fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan haýyr-sahawat işiniň hem-de haýyr-sahawat bagyş etmeleriniň hukuk esaslary kabul edildi

Aşgabat bilen Awazanyň arasynda ikinji gündelik awtobus gatnawy ýola goýulýar

Ata Watan Eserleri