SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Yssydan goranmagyň düzgünleri

Tomus — howanyň aşa gyzýan möwsümi. Bu günlerde Günüň ýiti şöhlesinden hökman dogry goranmaly. Irden sagat 9:00-a çenli we öýlän howanyň salkynlaşan mahalynda, 18:00-dan soň, möwsüme görä, açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri geýmek, Günüň şöhlesinden goranmak üçin başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan ulanmak, arassa agyz suwuny ýanyňyz bilen almak maslahat berilýär.

Şeýle-de günüň dowamynda gerekli mukdarda 1,5-2,5 litre çenli arassa agyz suwuny içmek peýdalydyr. Tomsuň yssy günlerinde daglara, açyk meýdana gezelençleri guramazlyk, meýdanda işleýän adamlara möwsüme görä geýinmek we başgaply bolmak maslahat berilýär.

Gartaşan we dowamly keselli adamlar lukman gözegçiliginde bolmaly. Gan basyşy, gandaky süýjiniň mukdaryny gözegçilikde saklamaly, lukman tarapyndan bellenilen derman serişdelerini ulanmaly hem-de bejeriji berhizi doly we dogry berjaý etmeli. Kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan wagty daşary gezelenje çykmak maslahat berilmeýär.

Şeýle hem ýurdumyzda hereket edýän şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeli, eller hemişe arassa saklanmaly, aram-aram üzärlik ulanyp, iş hem öý otaglarynyň howasyny täzeläp durmaly.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we
derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/inyasio-kassis-turkmenistan-bilen-ustunlikli-hyzmatdaslyga-yokary-baha-beryaris/

Ýene-de okaň

Tramp Amerikada ýaşamak üçin “altyn kart” wizasyny hödürleýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalary Eýrandaky syýahatçylyk duşuşygyna gatnaşdylar

Ata Watan Eserleri

“Türkmenistan” awiakompaniýasyndan halkara gatnawlarda ýörite aksiýa

Russiýa syýahatyňyzy “Türk howaýollary” bilen amala aşyryň!

Aşgabat – Moskwa ugurly awiagatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

Türkiýäniň 2024-nji ýyldaky syýahatçylyk rekordy

Ata Watan Eserleri