Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy.
Bu ýerde görkezilýän taslamalar bilen tanyşlygyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Liderine dünýäniň abraýly maliýe düzümleriniň biri bolan Yslam ösüş bankynyň ýurdumyzyň Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän halkara derejeli onkologiýa merkezleriniň gurluşyklaryny maliýeleşdirmek boýunça öz tekliplerini hödürleýändigi baradaky hoş habar aýdyldy. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä derejesindäki belent abraýyna, jogapkärli hyzmatdaş hökmünde ykrar edilýändigine, kuwwatly ykdysady mümkinçilige eýe bolan döwletdigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, ýurdumyzyň “Açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, dünýäniň dürli ugurlarda uly tejribä hem-de ýokary tehnologiýalara eýe bolan döwletleri we iri halkara maliýe edaralary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýändigini belledi. Şeýle maliýe edaralarynyň hatarynda Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek bilen, bilelikdäki taslamalary amala aşyrýan Yslam ösüş banky hem bar.
Şunuň bilen baglylykda, keselleriň öňüni almak, anyklamak we degişli bejergileri geçirmek babatda öňdebaryjy tejribäniň ulanylmagynda we saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilmeginde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň ähmiýetlidigine ünsi çekip, lukman Arkadagymyz Yslam ösüş banky bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, bilelikdäki taslamalary yzygiderli amala aşyrmagyň wajypdygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.