DÜNÝÄ

Yragyň elektroenergetika ministri Türkmenistana geler

Mälim bolşy ýaly, geljek hepde paýtagtymyz Aşgabatda 25-27-nji oktýabrda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” atly XXVIII halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Onuň işine gatnaşmak üçin Yragyň elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geler. Bu barada bu halkara forumyň guramaçylaryndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti habar berýär.

Habar berlişine görä, Yragyň wekiliýet agzalary öňde boljak halkara foruma gatnaşar. Yragyň ministri Aşgabatda geçiriljek iri halkara energetika forumynyň plenar mejlisine gatnaşar.

“OGT-2023” forumy Türkmenistan bilen Yragyň arasynda ozal gazanylan ylalaşyk – “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Yrak Respublikasynyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany durmuşa geçirmek üçin möhüm meýdança öwrüler.

Bilşiňiz ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň şu ýylyň 5 — 8-nji oktýabry aralygynda Bagdat şäherinde gulluk iş saparynda bolandygyny bellemek bolar. Şol saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadel bilen giňişleýin gepleşikleri geçirdi.

Gepleşikleriň dowamynda netijeli ýagdaýda türkmen tebigy gazyny Yraga ibermegi guramak bilen baglanyşykly meseleleriň toplumyna garaldy. Hususan-da, yrakly hyzmatdaşlar Türkmenistandan Yraga gazy goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň çäklerinden swap usulynda almaga gyzyklanma bildirdiler. Şunda yrak tarapy türkmen gazyny her ýylda 10 milliard kub metre golaý möçberde kabul etmäge taýýardyr. Bulardan başga-da, taraplar gaz pudagynda geljekde bilelikde işlemegiň hukuk, täjirçilik, maliýe, guramaçylyk şertlerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Fransiýa Palestinany resmi taýdan ykrar eder

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 20 ýylda 162 million bag ekildi

Narendra Modi Indira Gandiniň rekordyny täzeledi

Türkmenistan bilen Özbegistan parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Hytaýyň Türkmenistandaky täze ilçisi bilen duşuşyk

Türkmen wekiliýeti Türki dünýäsiniň kino ýolbaşçylarynyň mejlisine gatnaşdy