Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2013-nji ýylda badalga berlen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk Arkadagly Serdarymyz tarapyndan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem mynasyp dowam etdirilip, 1 — 30-njy sentýabr aralygynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bu biraýlyk raýatlarymyzyň rahat hem-de abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilip, ýol hereketiniň howpsuzlygyny, ýollarda howpsuz şertleri döretmekde we ýol hereketini sazlaşykly guramakda möhüm ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, sürüjileriň hem-de pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegine berk gözegçiligi amala aşyrmak, ulagy dolandyrmagyň, ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ýol hereketini kadalaşdyrýan ulgamy has-da kämilleşdirmek, ýollaryň ýagdaýyny degişli derejede saklamak ýaly ugurlara yzygiderli üns berýär. Ýurdumyzda iki taraply, köp zolakly ýollaryň, aýlawly, köp şahaly estakadaly köprüleriň, saga sowma ýollaryň, häzirki zaman ýol belgileriniň, ýol çyzgytlarynyň, san belgili ýolyşyklaryň, pyýada ýolagçylar üçin ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň gurlup ulanmaga berilmegi nurana ýollarymyzda raýatlarymyzyň barmaly ýerlerine sag-aman we tiz wagtda ýetmekleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden habar berýär.
Mälim bolşy ýaly, her ýyl güýz paslynyň gelmegi bilen, ýolda pyýadalaryň hem-de ulaglaryň gatnawy birnäçe esse artýar. Okuwçylardyr talyplaryň, dynç alyş möwsüminden gelen işgärleriň hereketi köpelýär. Şonuň üçin ilat arasynda, esasan hem, mekdeplerde okuwçylaryň arasynda ýolda seresap bolmagy ündemek hem-de dogry hereket etmegi öwretmek zerurdyr. Häzirki wagtda biraýlygyň çäginde çagalar baglarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarda ýolagçynyň ýolda özüni alyp barmagynyň medeniýeti, pyýada bilen sürüjiniň sazlaşykly hereketi, ýolda howpsuzlygy berjaý etmek ýaly mowzuklar boýunça açyk sapaklar, maslahatlar yzygiderli guraldy.
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň düýp mazmuny, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek barada ýazylýan makalalary çap etmek, tele we radiogepleşikleri taýýarlamak işleri hem bu möhüm çäräniň ähmiýetine raýatlaryň ünsüni çekmekde, olara gerekli maslahatlary bermekde iňňän netijeli boldy.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy «Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň 10 ýyllyk maksatnamasyny» yglan etdi. Türkmenistan bu guramanyň agzasy hökmünde maksatnamada bellenen çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Bu işi üpjün etmek üçin «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we ýol hereketiniň kadalaryny belleýän beýleki hukuk namalary möhüm kadalaşdyryjy binýat bolup hyzmat edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak ýollarymyzda ulaglaryň sanynyň artmagy ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmäge bolan talaby has hem güýçlendirýär. Ýollarymyzyň hemişe asuda bolmagy biziň özümize baglydyr. Her birimiziň bagtyýar geljegimiz ömrümiziň rahatlygyndan başlanýar. Ýol hereketiniň howpsuzlygy hem ömrümiziň rahatlygyny kepillendirýär.
Nurgeldi Guwanjow,
