PEÝDALY MASLAHAT

Ýol hereketi babatynda administratiw hukuk bozulmalary : Täze düzgünler

Ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagy bilen bagly Kodeksiň Aýratyn böleginde göz öňünde tutulan, administratiw hukuk bozulmalary boýunça, özi babatda önümçilik alnyp barylýan şahsyň arzasy esasynda ýa-da onuň administratiw hukuk bozulma wakasy bilen bagly ylalaşmaýan ähli halatlarynda, PÝGG-nyň işgäri administratiw hukuk bozulma barada işi Kodeksiň 543-nji maddasynyň birinji we üçünji böleklerine laýyklykda kazyýetiň garamagyna berýärler. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara kararyň nusgasynyň gowşurylan ýa-da alnan gününden on günüň dowamynda özi hakynda karar çykarylan fiziki ýa-da ýuridiki şahs, jebir çeken, kanuny wekil, şeýle hem adwokat tarapyndan şikaýat edilip ýa-da prokuror tarapyndan işe sereden PÝGG-nyň işgärleriniň kararyna-ýol gözegçiligi gullugynyň ýerleşýän ýeri boýunça kazyýete ýa-da ýokarda durýan ygtyýarly edara garşylyknama getirilip bilner. Bular barada Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň 2021-nji ýylyň 16-njy fewralynda çykaran 45 belgili buýrugy bilen tassyklanan Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň 2019-njy ýylyň 22-nji aprelinde çykaran 79 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynda ýol hereketi babatynda administratiw hukuk bozulmalary barada iş boýunça önümçiligini guramagyň Düzgünlerine üýtgetmeleri we goşmaça girizmek hakynda Düzgünlerde bellenip geçilýär.

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2021-nji ýylyň 16-njy martynda 1453 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan we Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň web saýtynda ýerleşdirilen Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň 2021-nji ýylyň 16-njy fewralynda çykaran 45 belgili buýrugyny Size ýetirýäris

Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň we “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryny ýerine ýetirmek hem-de ýurdymyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işi kämilleşdirmek maksady bilen, buýurýaryn:

  1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň 23-nji maýynda 1225 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynda ýol hereketi babatynda administratiw hukuk bozulmalary barada iş boýunça önümçiligini guramagyň Düzgünlerini tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň 2019-njy ýylyň 22-nji aprelinde çykaran 79 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynda ýol hereketi babatynda administratiw hukuk bozulmalary barada iş boýunça önümçiligini guramagyň Düzgünlerinde:

1)  sekizinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“8. PÝGG-nyň işgärleriniň Kodeksiň Aýratyn böleginde göz öňünde tutulan degişli administratiw hukuk bozulmalary boýunça administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzmäge hukugy bardyr.

PÝGG-nyň işgärleri Kodeksiň 210 maddasy, 211-nji maddasy, 212-nji maddanyň birinji, ikinji, dördünji bölekleri, 213-nji maddasy, 214-nji maddanyň birinji, ikinji we üçünji bölekleri, 2141–216-njy maddalary, 218-nji maddasy, 219-njy maddasy (210-219 maddalarynda görkezilen hukuk bozulmalar Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ulag serişdeleriniň sürüjileri we on alty ýaşdan on sekiz ýaşa çenli bolan kämillik ýaşyna ýetmedikler tarapyndan edilmedik bolsa), 221-nji maddasy, 222-nji maddasynyň üçünji, altynjy bölekleri, 223-nji maddasy, 226-njy maddasy, 228-nji maddasy birinji, ikinji we dördünji bölekleri, 231-nji maddasynyň birinji, ikinji bölekleri, 232-234-nji maddalary, 237-nji maddasynyň dördünji bölegi, 243-nji maddasy, 2431–nji maddasy esasynda administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge ygtyýarly edilendir.”;

2) ýigirimi dördünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“24. Ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagy bilen bagly Kodeksiň Aýratyn böleginde göz öňünde tutulan, administratiw hukuk bozulmalary boýunça, özi babatda önümçilik alnyp barylýan şahsyň arzasy esasynda ýa-da onuň administratiw hukuk bozulma wakasy bilen bagly ylalaşmaýan ähli halatlarynda, PÝGG-nyň işgäri administratiw hukuk bozulma barada işi Kodeksiň 543-nji maddasynyň birinji we üçünji böleklerine laýyklykda kazyýetiň garamagyna berýärler.”;

3) ýigrimi ýedinji we ýigrimi sekizinji  böleklerini aýyrmaly;

4) ellinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“50. Administratiw hukuk bozulma barada iş boýunça karara kararyň nusgasynyň gowşurylan ýa-da alnan gününden on günüň dowamynda özi hakynda karar çykarylan fiziki ýa-da ýuridiki şahs, jebir çeken, kanuny wekil, şeýle hem adwokat tarapyndan şikaýat edilip ýa-da prokuror tarapyndan işe sereden PÝGG-nyň işgärleriniň kararyna-ýol gözegçiligi gullugynyň ýerleşýän ýeri boýunça kazyýete ýa-da ýokarda durýan ygtyýarly edara garşylyknama getirilip bilner.”;

5) 2-nji goşundyda:

  1. a) “gözegçiniň” diýen sözlerden soň “ýa-da PÝGG-nyň toparynyň başlygynyň” diýen sözleri aýyrmaly;
  2. b) “Toparyň agzalary” we “Bellik”diýen böleklerini aýyrmaly.
  3. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirlikleriniň müdirleri tabynlygyndaky şahsy düzümiň şu buýruk bilen girizilen üýtgetmeleri öwrenmeklerini guramaly we onuň talaplarynyň ýerine ýetirilmegini gazanmaly.
  4. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirlikleriniň müdirleri gözegçilik etmeli.

Ministr

polisiýanyň general-maýory                                                      M.Çakyýew

 

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2021-nji ýylyň 16-njy martynda 1453 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.

Çagalar üçin sözlük: Suratly Sözlük-Makul Sözlük

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde guruljak binalar boýunça bäsleşik

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik