TEHNOLOGIÝA

Ýokary tizlikli otly Senegala geldi

Afrikanyň ýurdy Senegalda taryhy gün. Ýurduň paýtagty Dakar bilen täze Diamiadio şäherini sebitleýin demirýol gatnawy birleşdirdi. Bu günbatar Afrikada ýerleşýän ýurduň ilkinji ýokary tizlikli demirýol liniýasy boldy. Iki şäheriň arasyndaky menzili 20 minutda geçip bolýar.

Petekler amatly bahadan satylar: birinji synpdaky iň ýokary baha 2500 müň frank ýa-da 4 ýewro bolar. Bu ýoluň gurluşygy 5 ýyl dowam etdi.

Ýurduň döwlet Baştutany Maki Salla üçin bu taslama möhüm ähmiýete eýe boldy. Ol özüniň ýokary döwlet wezipesiniň ikinji möhleti üçin taýýarlanýar. Şol döwürde bu taslamanyň amala aşyrylmagy wajyp bolup, şeýle hem ol ýurduň ählumumy ösüşine hem öz goşandyny goşýar.

Täze gurulýan şäher Dakardan 36 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Ol paýtagt şäher Dakaryň demografiki ýagdaýyny gowşatmak üçin möhümdir. Häzirlikçe bu şäherde 12 müň adam ýaşaýar. Ýakyn wagtda olaryň sany 30 müňe ýeter. 2022-nji ýylda bu täze şäherde 9-njy Bütindünýä suw forumy geçiriler.

 

Hem awtobus hem-de otly

Ýene-de okaň

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy boldy