BILIM

«Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşigi

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» mynasybetli ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşigi geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabry aralygynda ýaşy 35-e çenli bolan ýaşlaryň arasynda “Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar” atly halkara bäsleşik geçirýär.
Bäsleşigiň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus.
Bäsleşigie hödürlenilýän ylmy-barlag işleri ylmyň aşakdaky ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda kabul edilýär:
1) nanotehnologiýalar;
2) himiki tehnologiýalar;
3) täze materiallary öwrenmek;
4) energetika;
5) biotehnologiýa;
6) molekulýar biologiýa;
7) oba hojalygy;
8) ekologiýa;
9) genetika.
Bäsleşige gatnaşmak üçin degişli resminamalar 2023-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli kabul edilýär.
Ylmy-barlag işleri bahalandyrmak we jemini jemlemek daşary ýurt döwletleriniň hem-de Türkmenistanyň alymlaryndan düzülen Eminler topary tarapyndan amala aşyrylýar. Eminler toparynyň düzümi Guramaçylar tarapyndan tassyklanylýar.
Birinji tapgyrda ylmy-barlag işleri seljerilýär hem-de wajyplygyna görä saýlananlar indiki tapgyra geçirilýär.
Ikinji tapgyrda bäsleşige gatnaşyjylar işiň mazmunyny doly açyp görkezmek üçin onlaýn görnüşinde diňlenilýär.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler zerur maglumatlary tabşyrmak üçin degişli düzgünnamanyň şertlerini we talaplaryny berjaý etmelidirler.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 104.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 12 44-88-79, +993 12 44-88-73
Elektron salgysy:
scientificwork.tm@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý energetika okuw merkezi döredildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

TOHU-da «Döwrebap ykdysadyýetçi üçin diplom ýeterlikmi?» atly açyk sapak geçirildi

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular