JEMGYÝET

Ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek başlaýar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Döwlet toparyna 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek hem-de onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy.

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine:

okuwa kabul etmegi 2022-nji ýylyň 11-njy iýuly — 26-njy awgusty aralygynda guramak,

okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde geçirmek tabşyryldy.

 

Täze rektorlar wezipä bellendi

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri: ählumumy “Energetika kodeksini” işläp taýýarlamagy teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýarys

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rafael Grossi bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar sebite ýaramaz täsirini ýetirýär

Ata Watan Eserleri

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär