JEMGYÝET

Ýokanç kesellere garşy — gyzyl burçly unaş

Ýurdumyzda möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak bilen bagly birnäçe işler alnyp barylýar. Olar bilen bagly birnäçe wagyz-nesihat işleri hem yzygiderli geçirilip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen lukmanyň maslahatlary halkymyza ýetirilýär. Ynha şeýle oňyn maslahatlaryň biri hem «Türkmenistan» gazetinde şu ýylyň mart aýynyň 6-syna Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan çap edildi. Onda aşakdaky maslahatlar berilýär.

— hökman lukman bilen maslahatlaşyp, gyzyl burç ýa-da sarymsak goşulan unaş bilen iýmitlenmeli. Sarymsak we burç bedeniň kesele garşy göreş ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän biologik işjeň maddalara baýdyr;

— dümewiň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda, hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly;

— burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly;

— pasyllara görä geýinmeli;

— C witaminine baý önümler bilen iýmitlenmeli;

— iş ýerinde we öý otaglarynda wagtal-wagtal penjireleri açyp, howanyň tämiz bolmagyny üpjün etmeli;

— beden taýdan işjeňligi ýokarlandyrmaly we sport bilen meşgullanmaly;

— asgyrylanda we üsgürilende, hökman elýaglyk bilen agzyňy we burnuňy ýapmaly;

— elleriňizi elmydama arassa saklamaly, onuň üçin nahar iýmezden öň we soň, hajathanadan, daşardan geleniňizden soň, elleriňizi sabyn bilen ýuwmaly;

— derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşman, özbaşdak kabul etmeli däl. Bu esasan hem, antibakterial serişdelerine degişlidir;

— Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanan melhem çaýlaryny kabul ediň;

— möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda etdiriň!

Ýene-de okaň

Aşgabat-Astana: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň ýokary sylagy — “Altyn Bürgüt” ordeni bilen sylaglandy

Gazagystan Türkmenistanynyň ykdysadyýetine 120 million dollardan gowrak maýa goýdy

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri ikiçäk duşuşdy

Astanada Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň Awazada şahamçasy açylar