PEÝDALY MASLAHAT

Ýogurtly, towukly işdäaçar

Gerekli önümler:

2 sany towuk döşi

2 bulgur ýogurt

8 sany duzlanan hyýar

10 sany salat ýapragy

1 käse hozuň maňzy

2 bölek gyzardylan çörek

5 nahar çemçesi maýonez

2 bölejik sarymsak

Duz

Taýýarlanyşy:

Geliň, ilki bilen, towuk etini ýuwalyň we süzeliň, soňra üstüne bir barmak galdyryp suw goşalyň. Bir nahar çemçesi limon suwy bilen ýumşaýança gaýnadalyň. Towuklarymyz gaýnadyp, bişirenimizden soň sowatmana goýalyň we sowandan soň kiçi böleklere böleliň. Sarymsaklary ezip, ulurak bir gapda ýogurdy, mayonezi we islegiňize görä duz atyp, hemmesini gowy edip garyşdyralyň. Salat ýapragymyzy iri-iri edip dograşdyralyň. Hozuň maňyzlaryny eliňiz bilen ulurak edip owradalyň we duzlanan hyýarlarymyzy owunjak edip dograşdyralyň. Gyzardylan çöregi (suhari), duzlanan hyýary, böleklere bölünen towuklary, maňyzy goşup gowy garyşdyralyň. Işdäaçary hyzmat etjek gabyňyza goýup, üstüni islegiňize görä bezäp bilersiňiz. Işdäňiz açyk bolsun!

 

 

Towukly soltan kebaby

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Şengen wizasyna ýüz tutýan raýatlaryň dykgatyna

Bir aýakda durmak synagy: Deňagramlylyk, ýykylyş howpy we ömür dowamlylygy bilen baglanyşykly möhüm görkeziji

Eliň gysyş güýji synagy: Umumy saglyk we ömür dowamlylygyny görkezýän möhüm ölçeg

Sitting–Rising testi: Adamyň biologiki ýaşyny we saglyk ýagdaýyny görkezýän ýönekeý synag

Ýöreme tizligi synagy: Adamyň saglygy we ömür dowamlylygy barada möhüm görkeziji

Türkmenistanda 26-njy ýanwar -1-nji fewral aralygyndaky howa maglumaty