BILIM

Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgärleri berkitmegiň tertibi

Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgärler ýokary bilimli bolmalydyrlar.

Aspiranturada doly okuwy geçenler ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgär hökmünde kabul edilmeýär.

Dalaşgärleri kandidatlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin berkitmek üç ýyldan köp bolmadyk möhletde amala aşyrylýar.

Bir wagtyň özünde iki ýa-da birnäçe ýokary okuw mekdebinde hem-de ylmy edarada dalaşgär bolmaga rugsat edilmeýär.

Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgäriň ýokary okuw mekdebine ýa-da ylmy edara berkidilmegi üçin:

— ýokary okuw mekdebiniň rektorynyňýa-da ylmy-barlag edaranyň ýolbaşçysynyň adyna arza;

— hünärine laýyklykda saýlap alan temasy boýunça ylmy referat;

— ýokary bilimi hakynda diplomyň nusgasy (ýokary bilimi daşary ýurtda alanlar üçin — degişli diplomyň we onuň deň derejelidigini tassyklaýan Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen ykrar şahadatnamasynyň nusgasy).

Şahsyýetini tassyklaýan resminamany we ýokary bilimi hakyndaky diplomynyň (ýokary bilimi daşary ýurtda alanlar üçin — degişli diplomy we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen we onuň deň derejelidigini tassyklaýan ykrar şahadatnamasyny) asyl nusgasyny dalaşgäriň özi getirip görkezýär.

 

Doktorantura kabul etmegiň tertibi

Ýene-de okaň

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri